Page 298 - Kurany Kerim Meali
P. 298
35. (Şeýdip) ol (men-menlik bilen) öz-
özüne zulum edip, bakjasyna girdi. (Ol):
«Bu (bag-bakjam) hiç wagt hem harap
bolar (ýok bolar) öýdüp pikir etmeýärin.
36. Kyýamat hem gopar öýdemok. Eger
Perwerdigärime gaýtarylyp eltilsem, (ol
ýerde) hökman mundan hem has gowy
netije (ajaýyp ýaşaýyş) taparyn» diýdi.
37. Ýoldaşy onuň bilen jedelleşip: «Seni
(ilki) toprakdan, soň bir damja erkeklik
suwundan ýaradan, soň bolsa seni adam
(keşbinde) janlandyran (Perwerdigäriňe
näşükür bolup) Ony inkär edýärmiň?
38. Emma Ol (Alla) meniň
Perwerdigärimdir. Men Perwerdigärime
hiç kimi şärik goşmaýaryn.
39. Sen bagyňa gireniňde: «(Berekella)
Allanyň isleýşi ýaly bolupdyr. Güýç-
kuwwat diňe Alla (mahsusdyr)!» diýmeli
dälmidiň? Hatda sen meni mal-mülk we
önelge (perzent) taýdan has kem (pes)
görýän hem bolsaň (şeýle diýmelidiň).
40. Perwerdigärim maňa seniň bag-
bakjaňdan hem haýyrlysyny berer 43. Oňa Alladan başga ne bir kömek
we onuň üstüne (bagyňa) asmandan berýän topar boldy, ne-de (ol) öz-özüne
ýyldyrymlar ugradyp, typyp duran (tep- ýardam berip bildi.
tekiz) topraga öwrer.
44. Ine, bu ýerde ýardam bermek (we
41. Ýa-da onuň suwy (ýeriň) düýbüne hökmürowanlyk) diňe Hak bolan Alla
siňer, seniň bolsa, ony gözläp tapmaga mahsusdyr. Ol (Alla) sogap bermekde
güýjüň ýetmez» diýdi. iň haýyrly bolandyr, (gözel) netije
(bermekde hem) has haýyrlydyr.
42. Onuň miwesi (bag-bakjasy daş-
töweregi bilen) gurşaldy (ýok edildi). 45. (Eý, Muhammet!) Olara dünýä
(Ol) oňa eden çykdajylaryna (gynanyp), ýaşaýşynyň (şeýledigini) mysal getirip
iki owujyny owkalap başlady. Ol (bag- (aýt. Ol) bir suw mysaly bolup, Biz ony
(suwy, ýagşy) asmandan inderdik. Ýer
bakjalar) dikaşak çöküp (weýran boldy. ösümlikleri onuň bilen gatyşdy. (Ahyrynda
Ol): «Käşgä, Perwerdigärime hiç kimi bolsa) ýel sowrup duran çöp-çalam boldy.
şärik goşmadyk bolsadym» diýýärdi. Allanyň ähli zada güýji ýetýändir.
299

