Page 302 - Kurany Kerim Meali
P. 302

75.  (Hydyr):  «Men  saňa:  «Sen  meniň
                ýanymda  (etjek  işlerime)  sabyr  edip
                bilmersiň diýmänmidim» diýdi.


                76.  (Musa):  «Eger  mundan  soň  senden
                bir  zat  barada  sorasam,  maňa  ýoldaş
                bolma! Bu meniň senden ahyrky sorajak
                ötünjimdir» diýdi.


                77.  (Olar)  soň  (ýene-de)  ýöräp  gitdiler.
                Ahyry  bir  oba  baryp  ýetenlerinde,
                (ol  obanyň)  adamlary  olary  myhman
                almakdan  ýüz  öwürdiler.  (Şol  obada)
                ýykyljak  bolup  duran  bir  diwar  (bardy.
                Bular ony) gördüler. (Hydyr) ol diwary
                derrew  (gaýtadan)  dikeldip  (ony  gowy
                edip  oňardy).  Musa:  «Sen  bu  işiň  üçin
                hak hem alyp bilerdiň» diýdi.


                78. (Hydyr) oňa şeýle diýdi: «(Seniň bu
                sözüň) ikimiziň aramyzy açdy. Indi men
                saňa seniň sabyr (çydam) edip bilmedik
                zatlaryň sebäbini aýdaýyn.


                79. (Meniň hälki) düýbüni deşen gämim,       82. (Dikelden ýaňky) diwarym bolsa şol
                deňizde  işleýän  garyp-gasarlaryňkydy.      şäherde  iki  sany  ýetim  çaganyňkydy.
                Men onuň kemçilikli bolmagyny isledim.       Onuň  aşagynda  olara  degişli  bolan  bir
                (Sebäbi)  olaryň  yzynda  ähli  (bitin)      hazyna bardy (gömülgidi). Olaryň atasy
                gämileri  ýygnap,  (zor  bilen  ellerinden   salyh  (gowy)  adamdy.  Perwerdigäriň
                alyp) ýören bir hökümdar bardy.              olar  kämillik  ýaşlaryna  ýetensoňlar,
                                                             Perwerdigäriňden      ýeten      rahmet
                80. (Meniň öldüren) oglanjygym (barada       hökmünde,  olaryň  hazynalaryna  eýe
                aýtsam)  onuň  ene-atasynyň  ikisi  hem      bolmaklaryny  isledi.  Men  bulary  öz
                mömin  adamlardy.  Şonuň  üçin  hem          ygtyýarym bilen etmedim (diňe Allanyň
                onuň ene-atasyna garşy gidip, olara azar     tabşyryklaryny berjaý etdim). Ine, bular
                bermeginden we näşükürlik etmeginden         seniň  sabyr  (çydam)  edip  bilmedik
                gorkduk.                                     zatlaryň düýp hakykatydyr».


                81.  Özleriniň  Perwerdigäriniň  onuň        83. (Eý, Muhammet!) Senden Zülkarneýn
                deregine  olara  ondan  has  haýyrly  we     barada sorarlar. Sen olara: «Men size ol
                (ene-ata)  rehimdar  (perzent)  bermegini    barada hem maglumat aýtjak» diý.
                isledik.

                                                                                                 303
   297   298   299   300   301   302   303   304   305   306   307