Page 296 - Kurany Kerim Meali
P. 296

21.  Ine,  şeýdip,  Allanyň  (gaýtadan
                direltmek     baradaky)      wadasynyň
                hakdygyny      we      anyk     sagadyň
                (kyýamatyň  geljekdigi  barada)  şek-
                şübhäniň  ýokdugyny  bilmekleri  üçin
                (ynsanlary)  olardan  habardar  etdik.
                Olar  (şäher  halky  «Ashaby  kehf»  bilen
                baglanşykly  edilmeli)  işler  barada  öz
                aralarynda  jedelleşenlerinde  (käbirleri):
                «Olaryň  (gowagynyň)  üstüne  bir  bina
                guruň!  (Ýöne)  olaryň  Perwerdigäri
                olary has gowy bilýär» diýdiler. Olaryň
                işleri (babatda jedelleşip) üstün çykanlar
                (bolsa):  «Elbetde,  biz  hökman  olaryň
                (gowagynyň)  üstüne  metjit  gurarys»
                diýdiler.

                22.    (Eý,    Muhammet!       Kapyrlar
                (ýahudylar  we  nasranylar):  «(Olar)
                üçdür,  dördünjileri  itleridir»  diýdiler.
                (Olar)  gaýyba  daş  atyp  (aňyrsyna
                ýetmän):  «(Olar)  bäşdir,  altynjylary
                itleridir»  diýdiler.  (Ýene):  «Ýedidir,
                sekizinjileri  itleridir»  diýdiler.  (Eý,
                Muhammet!  Sen  olara)  aýt:  «Olaryň
                sanyny    Perwerdigärim     has   gowy       25.  Olar  gowaklarynda  üç  ýüz  ýyl
                bilýändir.  Olary  bilýän  azdyr».  (Sen     galdylar  we  (muňa  ýene)  dokuz  (ýyly)
                kapyrlar bilen) olar barada açyk (ýüzleý)    goşduk.
                jedelden  başga  jedele  girme  (saňa
                wahyý arkaly öwredilen maglumatlaryň         26.  (Eý,  Muhammet!  Sen  olara)  aýt:
                çäginden çykyp jedelleşme!) Olar hakda       «Olaryň  näçe  (wagtlap)  galandygyny
                olaryň  (kapyrlaryň)  hiç  birinden  sorag   Alla has gowy bilýändir. Asmanlaryň we
                sorama.                                      ýeriň gaýyp (maglumatlary) Onuňkydyr.
                                                             (Ol)  ähli  zady  görýändir,  eşidýändir.
                23.  Hergiz  bir  zat  barada:  «Men  muny   Olar üçin Ondan başga dost (ýardamçy)
                ertir hökman ederin!» diýme.                 ýokdur. Ol Öz hökmüne hiç kimi şärik
                                                             etmez.
                24.  Diňe:  «Alla  islese!»  diý.  Unutsaň
                (ýadyňa  düşen  dessine)  Perwerdigäriňi     27.  (Eý,  Muhammet!)  Perwerdigäriň
                ýadyňa      sal     hem-de:     «Şonda       kitabyndan saňa wahyý edileni (inderilen
                Perwerdigärim meni mundan has ýakyn          aýatlary)  oka!  Onuň  sözlerini  üýtgedip
                bolan  (az  wagtda  ýetip  bolýan)  dogry    biljek ýokdur. Ondan başga hiç hili pena
                ýola gönükdirer» diý.                        tapyljak ýer ýokdur.

                                                                                                 297
   291   292   293   294   295   296   297   298   299   300   301