Page 292 - Kurany Kerim Meali
P. 292

97.  (Eý,  Muhammet!)  Alla  kimi
                dogry  ýola  ugrukdyrsa,  ine,  ol  dogry
                ýola  ugrukdyrylan  (kişi  bolar).  Kimi
                azaşdyrsa, sen hiç haçan olar üçin Ondan
                başga  dostlar  (ýardam  berjek  kişiler)
                tapmarsyň. Biz kyýamat gününde olary
                ýüzinligine  (süýrelip  dowzaha  alnyp
                gidiljek  halda)  kör,  lal  we  ker  (kişiler)
                edip  direlderis.  Olaryň  ahyrky  barjak
                ýeri dowzahdyr. (Dowzahyň ody) sönüp
                ugranda, olary (ýakmak üçin) alawly ody
                artdyrarys.


                98.  Bu  olara  Biziň  aýatlarymyzy  inkär
                edendikleri  hem-de:  «Biz  süňk  we  kül
                bolanymyzdan  soň  täzeden  ýaradylyp
                direldilerismi?!»  diýendikleri  sebäpli,
                (beriljek) jezadyr.


                99.  Olar  asmanlary  we  ýeri  ýaradan
                Allanyň  özleriniň  meňzeşini  ýaratmaga
                güýjüniň  ýetýändigini  görmedilermi?!
                (Alla) olar (olaryň ölmegi we direlmegi)
                üçin  bir  wagt  belläp  goýandyr.  Munda
                hiç  hili  şübhe  ýokdur.  Ýöne  zalymlar
                kapyrlykdan (inkär etmeden) başga zady       pygamberdigime)  äşgär  delil  edip
                kabul etmeýärler.                            asmanlaryň  we  ýeriň  Perwerdigärinden
                                                             başga  biriniň  indermändigini  bilýärsiň.
                                                             Eý, Fyrgawn! Dogrusy men seniň heläk
                100.  (Eý,  Muhammet!  Sen  kapyrlara)
                aýt:  «Eger  siz  Perwerdigärimiň  rahmet    ediljekdigiňi çak edýärin» diýdi.
                hazynalaryna eýe bolsadyňyz, sarp etmek
                bilen  (gutarjagyndan)  gorkup  pugta        103.  (Fyrgawn)  olary  (Musany  we
                saklardyňyz. Ynsan örän gysgançdyr».         ysraýyl  ogullaryny)  ol  ýerden  kowup
                                                             çykarmak isledi. Biz bolsa ony we onuň

                101.  Kasam  bolsun!  Biz  Musa  äşgär       bilen bile bolan kişileriň ählisini (deňze)
                dokuz  aýat  (mugjyza)  berdik.  (Eý,        gark etdik.
                Muhammet!)      Ysraýyl    ogullaryndan
                sora,  (Musa)  olara  gelende,  Fyrgawn      104. Şondan soň Biz ysraýyl ogullaryna:
                oňa:  «Eý,  Musa!  Dogrusy,  men  seniň      «(Şu)  ýerde  ýerleşiň!  Ahyret  wadasy
                jadylanandygyňy güman edýärin» diýdi.        (kyýamat) güni gelende, sizi (hemmäňizi)
                                                             garym-gatym  edip  (ähliňizi  magşar
                                                             meýdanyna) getireris» diýdik.
                102.     (Musa):    «Kasam      bolsun!
                (Eý,  Fyrgawn!  Sen)  bulary  (meniň

                                                                                                 293
   287   288   289   290   291   292   293   294   295   296   297