Page 306 - Kurany Kerim Meali
P. 306

13.  Oňa  Öz  tarapymyzdan  rehimdarlyk
                we günälerden päklik berdik. Ol hakyky
                takwa kişidi.

                14.  Ene-atasyna  gulak  asýardy,  zalym,
                gyňyr  we  buýruklara  gulak  salmaýan
                kişilerden däldi.

                15. Doglan gününde hem, ölen gününde
                hem,  täzeden  direldiljek  gününde  hem
                oňa salam bolsun!


                Düşündiriş: Ýahýa pygamberiň dünýä inişindäki
                bu  adatdan  daşary  gudrat,  ýagny  aslynda  bir
                önelgesiz  ene  bilen  ýaşy  ötüşen  bir  gojadan
                nesil  önmegi  barada  gürrüň  edilenden  soň,
                Allatagalanyň   çäksiz   gudratynyň   beýany
                hökmünde bibi Merýemiň Isa pygamberi atasyz
                dünýä inderişi baradaky gürrüňe başlanýar.

                16.  Kitapda  Merýemi  hem  ýatla.  Ol
                maşgalasyndan çykyp gündogar tarapda
                bir ýere çekilipdi.

                17. Ynsanlar bilen (öz) arasynda bir perde
                goýdy.  Biz  oňa  Ruhumyzy  (Jebraýyly)
                iberipdik.  Ol  Merýeme  hakyky  adam
                şeklinde görnüpdi.

                18.  (Jebraýyly  adam  şeklinde  gören)
                Merýem:  «Eger Alladan  gorkýanlardan
                bolsaň,  men  senden  Rahmana  (Alla)
                sygynýaryn» diýipdi.

                19.  Ol  (Jebraýyl)  bolsa:  «Men  diňe      23.  Dogurmak  burgulary  Merýemi
                Perwerdigäriň  ilçisidirin.  Saňa  päkize    (ýaplanmagy  üçin)  hurma  agajynyň
                ogul bagyş etmek üçin (geldim)» diýipdi.     düýbüne  alyp  bardy.  (Şol  pursat)  ol:
                                                             «Käşgä,  bu  wakadan  öň  ölsedim  we

                20.  Şonda  Merýem:  «Maňa  adam  eli        unudylyp giden bolsadym» diýdi.
                degmänkä  we  bozuk  hem  bolmankam,
                nireden meniň oglum bolmaly?» diýipdi.       24. Agajyň aşagyndan oňa: «Gynanma,
                                                             Perwerdigäriň  seniň  (aýagyň)  aşagynda
                21.  (Jebraýyl):  «Seniň  Perwerdigäriň:     bir çeşme peýda etdi.
                «Bu meniň üçin aňsat zat. Biz şol oglany
                ynsanlar  üçin  bir  aýat-mugjyza  we        25.  Sen  hurma  agajyny  özüňe  tarap
                olara  Öz  tarapymyzdan  bir  merhemet       silkele, üstüňe ter hurmalar gaçar.
                hökmünde  berýäris.  Bu  öňden  çözülen
                işdir» diýdi.                                26. Iý, iç we gözüň aýdyň bolsun! Eger
                                                             adamlardan birini göräýseň hem: «Men
                22.  Merýem  (Isa  pygambere)  hamyla        Rahman (Alla) üçin agyz bekläp, bu gün
                galyp,  göwresindäki  çaga  bilen  çet  bir   hiç bir ynsan bilen gepleşmezlige niýet
                ýere çekilipdi.                              etdim» diý! (diýildi).

                                                                                                 307
   301   302   303   304   305   306   307   308   309   310   311