Page 305 - Kurany Kerim Meali
P. 305
bilen öz Perwerdigärine ýüzlenip:
4. «Eý, Perwerdigärim! Indi meniň
süňňüm gowşap, başym çalardy. Eý,
Perwerdigärim! Men (henize çenli),
Saňa eden dilegim sebäpli, hiç betbagt
(we mahrum) bolmandym.
5. Takyk, men yzymy dowam etdirjek
neslim (we olaryň Seniň inderen diniňe
mynasyp kişiler bolmaklary) barada
aladalandym, aýalym bolsa önelgesiz,
maňa Öz huzuryňdan bir hossar (ogul)
bagyş et!
6. (Şol ogul geljekde) meniň hem,
Ýakubyň neberesiniň hem yzyny
ýöretsin. Perwerdigärim, ony Öz razy
bolanlaryň hataryna goş!» diýipdi.
7. (Alla): «Eý, Zekeriýýa! Biz seni Ýahýa
atly bir ogul bilen buşlaýarys, bu ady
mundan öň hiç kime bermändik» diýdi.
8. (Zekeriýýa): «Eý, Perwedigärim!
Meniň nähili perzendim bolsun, aýalym
önelgesiz, men bolsa garrylygyň
aňrybaşyna ýetipdirin» diýdi.
9. (Alla): «Bu hut şeýle hem bolar.
19-njy süre: Merýem (Muny) öz Perwerdigäriň aýtdy. Ol
Meniň üçin ýeňildir, seni hem öň ýok
«Merýem» süresi Mekgede inen sürelerden wagtyň Men ýaradypdym» diýdi.
bolup, ol 98 aýatdan ybaratdyr. Sürede bibi
Merýem we onuň ogly Isa pygamberiň dünýä
inişi barada gürrüň gozgalýar. Şol sebäpli, bu 10. (Zekeriýýa): «Eý, Perwerdigärim!
sürä «Merýem» diýip at galypdyr. (Onuň ýaly bolsa) maňa bir alamat
görkez» diýdi. (Alla): «Seniň alamatyň
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- ynsanlar bilen doly üç günläp
şepagatly) Allanyň ady bilen gepleşmezligiňdir» diýdi.
1. Käf, Hä, Ýä, Aýn, Sad. 11. Zekeriýýa mährapdan halkyň öňüne
çykyp, (üm bilen) olara: «Ertir-agşam
2. (Bu) seniň Perwerdigäriň Öz (Alla) tesbih bilen hamdy-sena aýdyň!»
guly Zekeriýýa bolan merhemetiniň diýip (ümledi).
ýatlamasydyrnylyp (geçilmegidir).
12. «Eý, Ýahýa! Kitaba (Töwrata)
3. Şonda ol (Zekeriýýa) ýuwaşja ses berk ýapyş!» Biz oňa (Ýahýa) hikmeti
çagalykdan berdik.
306

