Page 530 - Kurany Kerim Meali
P. 530

28.  Sen  olara  suwuň  özaralarynda
                nobatlydygyny, her kimiň (öz nobatynda)
                gelip, (suwy bir gün olar ulanyp, bir gün
                bolsa düýe suw içmelidigini) habar ber.
                29.  Olar  (kowumyň  iň  azgyny  bolan)
                dostlaryny  çagyrdylar.  Ol  hem  muňa
                batyrgaýlanyp    (pyçagyny    çykaryp),
                düýäniň damagyny çaldy.
                30.  (Olar)  meniň  azabymyň  we
                duýduryşlarymyň nähilidigini (gördüler)!
                31. Biz olara (aýylganç) bir ses iberdik.
                Bes,  olar  agyldaky  (mallaryň  çeýnäp
                taşlan) guran ot-çöp ýaly boldular.
                32.  Kasam  bolsun!  Biz,  ybrat  üçin
                Kurany  ýeňilleşdirdik.  (Eýsem)  hany,
                öwüt (ybrat) alýan barmy?!
                33. Lut kowumy hem duýduryşlary ýalan
                hasapladylar.
                34,  35.  Biz  hem  Lutuň  maşgalasyndan
                galan hemmesiniň üstüne daş ýagdyrýan
                bir  tüweleý  iberdik.  Olary  (Lutuň
                maşgalasyny)  bolsa  özümizden  bir
                nygmat (rehmet) hökmünde, säher wagty
                halas etdik. Ine, Biz şükür edenleri şeýdip
                sylaglaýarys.
                36.  Kasam  bolsun!  (Lut  olara)  Biziň
                tutjak  azabymyzy  duýdurypdy.  Emma
                olar bu duýduryşlary pisinde almadylar.
                37.    Olar   (Lutuň)    myhmanlaryna
                bozgaklyk  etmek  islediler.  Biz  hem
                olaryň gözlerini doly kör etdik. (Olara):
                «Meniň azabymyň we duýduryşlarymyň           (ahyretde halas boljakdygyňyz barada) el
                (nähilidigini) dadyň!» (diýdik).             degrilmesizlik (hatyňyz) barmy?
                38. Kasam bolsun! (Bir gün) säher bilen      44. Ýa-da olar (özlerine): «Biz Alladan
                olaryň üstüne çöküji bir azap geldi.         kömek  görjek  bir  jemagat  (millet)!»
                39.  (Olara):  «Meniň  azabymyň  we          diýýärlermi?
                duýduryşlarymyň (nähilidigini) dadyň!»       45.  (Şuny  anyk  bilsinler!)  Tiz  wagtda
                (diýdik).                                    olaryň  jemagaty  (güýçleri)  derbi-
                40.  Kasam  bolsun!  Biz,  ybrat  üçin       dagyn ediler we (olar) yzlaryna öwrülip
                Kurany  ýeňilleşdirdik.  (Eýsem)  hany,      gaçarlar.
                öwüt (ybrat) alýan barmy?!                   46.  Dogrusy,  (olara)  wada  berlen
                41.    Kasam      bolsun!    Fyrgawnyň       (kyýamat) sagady (beýan edip bolmajak
                maşgalasyna       hem      duýduryjylar      derejede) aýylganç we elhenç sagatdyr.
                (pygamberler) geldi.                         47. Takyk, günäkärler azgynçylygyň we
                42.  (Emma  olar)  Biziň  aýatlarymyzyň      oduň (azabyň) içindedirler.
                (mugjyzalarymyzyň)  hemmesini  ýalan         48.  Otda  (dowzahda)  ýüzin  süýreniljek
                hasapladylar.  Biz  hem  olara  güýç-        günleri  (olara):  «Dowzahyň  (azabynyň
                kuwwatymyza  mynasyp  bolan  jeza            nähili  bolup)  degýändigini  dadyň!»
                berdik.                                      (diýler).
                43. (Eý, mekgeliler! Hany, aýdyň), siziň     49. Takyk, Biz ähli zady bir ölçege görä
                kapyrlaryňyz  olardan  has  haýyrlymy        ýaratdyk.
                (güýçlümi)? Ýa-da ylahy kitaplarda siziň

                                                                                                 531
   525   526   527   528   529   530   531   532   533   534   535