Page 526 - Kurany Kerim Meali
P. 526

53-nji süre: «Nejm» («Ýyldyz»)

               «Nejm»  süresi  Mekgede  inen  sürelerden  bolup,  ol
               62  aýatdan  ybaratdyr.  Süräniň  ady  bolan  «Nejm»
               («Ýyldyz»)  sözi  ilkinji  aýatda  agzalýar.  Bu  sürede
               Kuranyň  wahyý  arkaly  gelendigi,  pygamberimiziň
               mygraja çykmagy, onuň beýik mertebelere ýetendigi,
               Alla  şärik  goşmagyň  erbetligi  we  hakykatyň  üstün
               çykjakdygy barada aýdylýar.


                  Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
                       şepagatly) Allanyň ady bilen

               1.  Süýnen  (batyp  barýan)  ýyldyza  kasam
               bolsun!
               2. Siziň dostuňyz (Muhammet) azaşmady we
               (ýoluny hem) ýitirmedi.
               3.  Ol  (hiç  zady)  öz  islegi  (ygtyýary)  bilen
               aýtmaz.
               4.  Ol  (aýdýan  sözleri)  meger  özüne  aýdylan
               wahydyr.
               5, 6, 7. Ony (wahyny) oňa (pygambere) ägirt
               güýçli (ýaradylan), kämil akyl eýesi (Jebraýyl)
               öwretdi.  Ol  iň  beýik  gözýetimde  (asmanda)
               oňa (öz asyl keşbine girip), göneldi.
               8.  Soň  (ýer  asmanyna)  golaýlaşdy  we  aşak
               tarap (Muhammede) indi (ýakynlaşdy).
               9. (Oňa) iki ýaý ýaly möçberde, hatda ondan
               hem has ýakyn boldy.
               10  Bes,  Ol  (Alla)  guluna  (Muhammede)
               aýtmak islän zadyny wahyý etdi.
               11.  (Muhammediň)  kalby  hem  (gözleriniň)
               gören zadyny ýalan hasaplamady.
               12.  Siz  indi  onuň  gören  zatlary  barada  (şek   21. Oglanlar siziňki, gyzlar Onuňkymy?
               ýetirip), onuň bilen çekeleşýärsiňizmi?      22. Onda bu haksyz paýlaşyk (dälmi)?
               13,  14.  Kasam  bolsun!  Ol  (Muhammet)     23.  Bular  (butlar)  siziň  we  ata-
               onuň  (Jebraýylyň)  başga  bir  inişini  (bolsa),   babalaryňyzyň  dakan  (toslan)  atlaryndan
               «Sidratul-muntehäniň» ýanynda gördi.         (boş  zatlaryndan)  başga  zat  däldir.  Alla
               15. «Mäwa» jenneti (hem) onuň ýanyndadyr.    (olaryň  hudaýdyklary)  barada  hiç  hili
               16. Şol dem sidre (agajyny) bir gaplaýjy gaplap
               alypdy.                                      delil  indermedi.  Olar  meger  çaklama  we
               17.  Onuň  (Muhammediň)  gözi  (hiç  tarapa)   nebisleriniň  isleglerine  tabyn  bolýarlar.
               sowulmady, (ol ýerdäki ajaýyplyklary görüp)   Ýogsa  olara  özleriniň  Perwerdigärinden
               çäkden çykmady.                              (yzyndan ýörär ýaly) dogry ýol (görkeziji
               18. Kasam bolsun! Ol Perwerdigäriniň iň uly   pygamber) gelipdi.
               alamatlarynyň käbirini gördi.                24. Onda ynsanyň arzuw edýän zady näme?
               Düşündiriş:  «Sidratul-muntehä»  sözüniň  manysy  «Iň   25. Ahyret (ýaşaýşy-da), dünýä (ýaşaýşy-
               çetki agaç, barlyk äleminiň iň soňky nokady» diýmekligi   da) Allanyňkydyr.
               aňladýar. Ondan soň gaýyp älem başlaýar. «Mäwa» jenneti   26.  Asmanlarda  ençeme  perişde  bardyr.
               hem perişdeleriň, şehitleriň ruhlarynyň ýaşaýan ýeridir.   Olaryň şepagaty diňe Allanyň Öz islän we
               19.  Siz  ol  (butlary)  Laty  we  Uzzany    razy bolan (bendesine) rugsat bermeginden
               gördüňizmi?                                  başga hiç zada (kime) peýda bermez.
               20.  (Olaryň)  beýleki  üçünjisi  bolan  Menat
               (butuny hem)?
                                                                                                 527
   521   522   523   524   525   526   527   528   529   530   531