Page 528 - Kurany Kerim Meali
P. 528
45, 46. Takyk, Ol (ene rehmine) dökülen
bir nutfadan (damjadan) erkek we aýal
edip iki jübüt ýaratdy.
47. Takyk, (ölümden soň) başga bir
(görnüşde) ýaratmak (diňe) Oňa (Alla)
degişlidir.
48. (Ynsany) baý edýänem, mätäçlikden
halas edýänem Oldur.
49. Takyk, Şygra ýyldyzynyň
Perwerdigäri hem Oldur!
Düşündiriş: Şygra ýyldyzy parlak ýyldyzlaryň
biri bolup, araplaryň huzaga we himýer
kabylalary ol ýyldyzy hudaý hasaplar ekenler.
50. (Sizden) owal (ýaşap geçen) ad
(kowumyny) heläk eden hem Oldur!
51. (Ol) semudy hem (heläk edip),
yzynda hiç zat goýmady.
52. Mundan öň Nuhuň kowumyny hem
(heläk etdi). Çünki olar has zalym we
azgyndylar.
53. Ol ýykan-ýumran edilen (Lut
kowumynyň şäherlerini) ýer bilen ýegsan
etdi.
54. Olaryň (üstlerini) örten
(betbagtçylygy) bilen (doly) örtdi.
55. (Eý, ynsan)! Sen Perwerdigäriň
haýsy nygmaty barada şübhe edýärsiň?
56. (Ine), bu (pygamber) öňki
duýduryjylar ýaly duýduryjydyr.
57. (Ol) golaýlaşmaly zat (kyýamat)
golaýlaşdy. 1. (Kyýamat) sagady ýakynlaşdy, Aý (ikä)
58. Onuň wagtyny Alladan başga aç- bölündi.
açan etjek (biljek) ýokdur. Düşündiriş: Pygamberimiziň mugjyzasy bilen,
59. Indi siz bu söze (Kurana) geň Medinä göçülmezden bäş ýyl öň Mekgäniň
galýarsyňyzmy? golaýynda Aý ikä bölünýär, soň ýene birleşýär.
60. Gülýärsiňiz, (emma) aglamaýarsyňyz. 2. Olar (şärik goşanlar) bir mugjyza
görseler, ýüz öwrüp: «Bu (öňden bäri)
61. Siz gapyllyk içindesiňiz. dowam edip gelýän jadydyr» diýerler.
62. Bes, siz Alla sežde hem-de ybadat 3. (Olar hakykaty) ýalan hasapladylar we
ediň! öz arzuw-isleglerine uýdular. (Emma) her
bir iş (ýaly pygamberlik hem ýer ýüzünde)
54-nji süre: «Kamar» («Aý») karar tapar.
4. Kasam bolsun! Olara (inkärlerine)
«Kamar» süresi Mekgede inen sürelerden bolup,
ol 55 aýatdan ybaratdyr. «Kamar» sözüniň päsgel boljak (ençeme) habarlar geldi.
manysy «Aý» diýmek bolup, ol süräniň ilkinji 5. (Bu Kuran maksadyna) ýeten hikmetdir.
aýatynda aýdylýandygy üçin bu at berlipdir. Bu Emma (ýüz öwrene) duýduryşlar peýda
sürede öňki pygamberleriň dini ýaýradyş usullary, bermez?!
Kuranyň çagyryşynyň ahyrky netijede Alla 6. Bes, sen hem olardan ýüz öwür! Ol gün
şärik goşýanlary ýeňjekdigi, şeýle-de Aýyň ikä (gelende) çagyryjy (olary) bilinmeýän
bölünjekdigi aýdylýar.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- (howply) bir zada (magşar meýdanyna)
şepagatly) Allanyň ady bilen çagyrar.
529

