Page 534 - Kurany Kerim Meali
P. 534
68. Olaryň ikisinde hem miwe, hurma
we nar (iýmişleri) bardyr.
69. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy
nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
70. Ol ýerde gowy häsiýetli, owadan
gyzlar bardyr.
71. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy
nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
72. Çadyrlarda (ýanýoldaşlary üçin)
saklanylýan hüýrler bardyr.
73. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy
nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
74. Olara (jenneti boljak ýanýoldaşlardan)
öň ynsandan we jyndan, hiç kimiň (eli)
degen däldir.
75. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy
nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
76. Olar ýaşyl ýassyklara we ajaýyp
owadan düşeklere ýassanarlar.
77. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy
nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
78. Seniň beýiklik we pazly-kerem eýesi
Perwerdigäriň ady örän beýikdir.
56-njy süre: «Wakyga» («Uly hadysa»)
«Wakyga» süresi Mekgede inen sürelerden bolup,
ol 96 aýatdan ybaratdyr. Manysy «Uly hadysa»
diýmekdir. Bu söz ilkinji aýatda aýdylýar. Bu
sürede kyýamatyň öň ýanynda bolup geçjek 8. (Birinjisi), sagdakylar. Ol sagdakylar
hadysalar, ynsanlaryň ahyretdäki ýagdaýlary, (nähili) bagtlydyr.
Allanyň birliginiň we barlygynyň delilleri hem-
de Kuranyň käbir wasplary beýan edilýär. 9. (Ikinjisi), çepdäkiler. Ol çepdäkiler
(nähili) betbagtdyr.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- 10. (Üçünjisi), olar (imanda we haýyrda)
şepagatly) Allanyň ady bilen öňde bolanlardyr (ýaryşanlardyr).
11. Olar (Alla) ýakyn bolanlardyr.
1. «Uly hadysa» (kyýamat) bolanda! 12. (Olar) «Nagym» jennetlerindedirler.
2. Onuň amala aşjakdygyny ýalan 13. Olaryň (köp) bölegi owalky
hasaplap biljek (hiç kim) ýokdur. (ymmatlardandyr).
3. Ol (kapyrlary) peselder, (möminleri) 14. (Olaryň) az bölegi (käbirleri) hem
beýgelder. soňky (ymmatlardandyr).
4, 5, 6, 7. Ýer güýçli sarsan wagty! Daglar 15, 16. (Olar) göwher bilen bezelen
dargap, bölek-bölek bolup, (howada) tagtlarda garşylykly ýassanyp oturarlar.
gaýmalaşan çaň-tozana öwrülen wagty,
siz üç topar bolarsyňyz.
535

