Page 507 - Kurany Kerim Meali
P. 507
girmekden çekinýärdiler. Sebäbi kapyrlar olara
böwet bolýardylar, ezýet berýärdiler we yslamy
kabul edenleri hem döndermek üçin, tagalla
edýärdiler.
2. Iman getirip, ýagşy işleri edýänleriň we
özleriniň Perwerdigäri tarapyndan (gelen)
hak (wahyý) bolan we Muhammede
inderilen (Kurana) ynananlaryň
bolsa erbetliklerini örtüp (bagyşlap),
ýagdaýlaryny (işlerini) oň etdi.
3. Munuň sebäbi, kapyrlaryň batyla tabyn
bolup, iman getirenleriň bolsa özleriniň
Perwerdigäri tarapyndan (gelen) haka
(Kurana) tabyn bolmaklarydyr. Ine, Alla
ynsanlara olaryň mysallaryny şeýdip
getirýär.
4. Siz (söweşde) inkär edenler bilen
ýüzbe-ýüz bolanyňyzda, (dessine olaryň)
boýunlaryny uruň (goparyň)! Olary
mazaly ýeňlişe sezewar edeniňizden
(soň), olary (ýesir alyp), mäkäm daňyň!
(Söweşden) soň olary, isle, rehim edip
(goýberiň), isle-de, fidýe (töleg hakyny)
alyp (goýberiň). Söweş, tä ýüklerini
(kynçylyklaryny) goýýança (söweş
gutarýança), şeýle (ediň). Eger Alla
islesedi, (siz üçin) olardan ar alyp (olara
jeza) beredi. Emma Ol sizi biri-biriňiz
bilen synamak üçin, (söweşmegi emir
edýär). Allanyň ýolunda öldürilenleriň
eden işlerini (Alla) hiç haçan puja
47-nji süre: Muhammet çykarmaz.
5. (Alla) olary dogry ýola gönükdirer we
«Muhammet» süresi Medinede inen sürelerden olaryň ýagdaýlaryny oň eder.
bolup, ol 38 aýatdan ybaratdyr. Süre adyny 6. Olary Özüniň olara taryp eden jennetine
pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň salar.
adyndan alandyr. Bu sürede Allanyň ýolunda 7. Eý, iman getirenler! Eger siz Allanyň
gazawat etmek, oljalar, ýesirler we mynapyklar (dinine) kömek berseňiz, Ol hem
barada gürrüň gozgalýar. Allanyň mömin size kömek berer, (hak ýolda) siziň
bendelerine berýän kömegi üçin gerekli şertleri aýaklaryňyzy (taýdyrman) mäkäm saklar.
beýan edýän bu süre, öten milletleriň ýok bolup 8. Inkär edýänlere heläkçilik bolsun!
gitmekleri bilen baglanyşykly jebir-sütemler, (Alla) olaryň eden işilerini puja çykarar.
mynapyklaryň ýüzüniň perdeleriniň syryljakdygy, 9. Munuň sebäbi olar Allanyň inderen
dünýäniň pany, ahyretiň bolsa ebedidigi barada (emirlerini) halamadylar. (Alla hem)
habar berilýär. olaryň (ähli) işlerini puja çykardy.
10. Olar ýer ýüzüne aýlanyp, özlerinden
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- öň ýaşap geçenleriň (ahyrky) netijeleri
şepagatly) Allanyň ady bilen nähili boldy görmeýärlermikä? Alla
olaryň köklerini gyrandyr. Kapyrlar üçin
1. Ol (Alla) inkär edenleriň (kapyrlaryň) hem munuň kimin (azaplar) bardyr.
we (ynsanlary) Allanyň ýolundan 11. Bu, takyk, Allanyň iman getirenleriň
sowýanlaryň amallaryny puja çykardy. goragçysydygy sebäplidir. Kapyrlaryň
Düşündiriş: Mekgeli sada adamlar yslama bolsa goragçysy ýokdur.
508

