Page 511 - Kurany Kerim Meali
P. 511
ýeten üstünliklerine alyp baran iň uly ýeňiş
hökmünde häsiýetlendirilýär.
2. Alla (bu ýeňşi) seniň öten we geljekki
ähli günäleriňi bagyşlamak, saňa Öz
nygmatyny (doly) nesip etmek hem-
de seni dogry ýola gönükdirmek üçin
(miýesser eder).
3. (Şeýle-de) Alla saňa uly bir ýeňiş bilen
goldaw bermek (isledi).
4. Imanlarynyň has-da artmagy üçin
möminleriň kalplaryna imanlary bilen
aramlyk inderen Oldur. Asmanlaryň we
ýeriň goşunlary Allanyňkydyr. Alla (ähli
zady) bilýändir, hikmet eýesidir.
5. (Bularyň hemmesi) mömin erkekleri
we mömin aýallary aşagyndan derýalar
akýan jennetlere, ol ýerde ebedi galmak
hem-de olaryň erbetliklerini örtmek
üçindir. Bu Allanyň ýanynda uly bir
üstünlikdir.
6. (Şeýle-de bular) Alla hakdaky pikirleri
erbet pikir bolan mynapyk erkeklere we
mynapyk aýallara, (Alla) şärik goşan
erkeklere we (Alla) şärik goşan aýallara
azap bermek üçindir. (Musulmanlar üçin
arzuw eden) erbetlik girdaby olaryň
48-nji süre: «Feth» («Ýeňiş») (başyna) bolsun! Alla olara gazap edip,
olary näletländir hem-de olara dowzahy
«Feth» süresi Medinede inen sürelerden bolup, taýýarlandyr. Ol baryljak nähili erbet
ol 29 aýatdan ybaratdyr. «Feth» sözi «Ýeňiş» ýerdir!
manysyny aňladýar. Bu sürede ýeňiş we üstünlik
barada gürrüň gozgalýandygy üçin, ol bu at bilen 7. Asmanlaryň we ýeriň goşunlary
atlandyrylypdyr. Sürede mynapyklaryň hal- Allanyňkydyr. Alla Gudraty güýçlüdir,
hereketleri, musulmanlara wada berlen ýeňişler hikmet eýesidir.
we olaryň häsiýetleri barada gürrüň edilýär.
8. Takyk, Biz seni şaýat, buşlaýjy we
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- duýduryjy edip iberdik.
şepagatly) Allanyň ady bilen
9. (Eý, möminler!) Biz (pygamberi) siziň
1. (Eý, Muhammet!) Takyk, Biz saňa Alla we Onuň ilçisine iman getirmegiňiz,
äşgär (uly) ýeňşiň (ýoluny) açdyk. oňa goldaw bermegiňiz, oňa sylag-
Düşündiriş: Bu ýeňiş Hudeýbiýe ylalaşygydyr. hormat goýmagyňyz we ertir-agşam
Yslam taryhynda bu ylalaşyk, Mekgäniň Allany tesbih etmegiňiz üçin (pygamber
eýelenmegine we musulmanlaryň ondan soňky iberdik).
512

