Page 450 - Kurany Kerim Meali
P. 450
103, 104, 105, 106. Olaryň ikisi hem
(Hakyň emrine) boýun bolup, onuň
(Ysmaýylyň) maňlaýyny ýere goýanda,
Biz: «Eý, Ybraýym! Sen düýşüňdäki
(emri) berjaý etdiň! Biz ýagşylary şeýdip
sylaglarys. Takyk, bu görnüp duran
synagdyr» diýip ýüzlendik.
107. Biz onuň oglunyň deregine ullakan
gurbanlyk berdik.
108. Yzyndan dörejek (nesiller) üçin
(Ybraýym) barada (ýagşy ýatlama)
galdyrdyk.
109. Ybraýyma salam bolsun!
110. Biz ýagşylary şeýdip sylaglarys.
111. Sebäbi ol biziň iman getiren
bendelerimizdendi.
112. Biz oňa salyhlardan bolan bir
pygamber hökmünde oňa Yshagyň hoş
habaryny berdik.
113. Ybraýymy we Yshagy
mübärekledik. Ýöne ikisiniň nesilleriniň
arasyndan ýagşy iş etjegi hem, özlerine
äşgär erbetlik etjegi hem bolar.
114. Kasam bolsun! Biz Musa hem-de bendelerimizdendi.
Haruna (pygamberlik) nygmatymyzy 123. Elbetde, Ylýas hem
berdik. pygamberlerdendi.
115. Olary we kowumlaryny uly 124. Ol (Ylýas) kowumyna ýüzlenip:
kynçylykdan halas etdik. «(Allanyň buýruklaryna ters hereket
116. Olara goldaw berdik, şeýdip, olar etmekden) gorkmaýarsyňyzmy?
üstün çykdylar. 125. Siz ýaradyjylaryň iň ýagşysyny taşlap,
117. Ikisine-de (hakykaty) äşgär beýan Bagl (atly buta) ýalbarýarsyňyzmy?
edýän kitaby (Töwraty) berdik. Düşündiriş: Bagl – Siriýada Bek şäheriniň
118. Ikisini hem dogry ýola gönükdirdik. ilatynyň ybadat eden butunyň ady. Soň ol şäheriň
119. Soňky (nesilleriň) arasynda ikisi ady «Bekleriň buty» manysynda Baglbek bolup
barada-da ýagşy ýatlama galdyrdyk. galypdyr.
120. Musa we Haruna salam bolsun! 126. Alla siziň hem Perwerdigäriňizdir,
121. Takyk, Biz ýagşylary şeýdip siziň owalky (ötüp geçen) ata-
sylaglarys. babalaryňyzyň hem Perwerdigäridir»
122. Takyk, ikisi hem iman getiren diýdi.
451

