Page 446 - Kurany Kerim Meali
P. 446

37-nji süre: «Saffät»
                («Hatar-hatar bolup duranlar»)


        «Saffät» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 182
        aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan
        «hatar-hatar  bolup  duranlar»  manysyny  aňladýan
        «Saffät»  sözünden  gelip  çykýar.  Bu  süräniň  başky
        üç  aýatynda  hatar  bolup  duran  perişdelere,  bulutlary
        aýlaýan güýje, Allany zikir edýän dile kasam edilip,
        Allanyň ýeke-täk Hudaýdygy subut edilýär.

             Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
                 şepagatly) Allanyň ady bilen


        1,  2,  3,  4.  Hatar-hatar  bolup  durýan,
        (bulutlary)  gohlap  sürüp  alyp  gidýän,  zikir
        okaýan  (perişdelere)  kasam  bolsun!  Takyk
        siziň hudaýyňyz ýeke-täk (Alladyr).
        5.  Ol  asmanlaryň,  ýeriň  we  ikisiniň
        arasyndakylaryň     Perwerdigäridr.     (Ol)
        gündogarlaryň hem Perwerdigäridir.
        6.  Biz  (ýere  iň)  ýakyn  asmany  bezegli
        ýyldyzlar bilen bezedik.
        7. (Biz asmany) boýun egmeýän asy her bir
        şeýtandan gorap sakladyk.
        8.  Olar  «Beýik  toplumyň»  (perişdeleriň
        mejlisini)  diňläp  bilmezler.  Olara  hemme
        ýerden (alawly daş) zyňlar.
        9.  (Olar)  kowlarlar.  Sebäbi  olara  hemişelik
        azap bardyr.
        10.  Ýöne  (perişdeleriň  gürrüňlerinden)  bir      18. (Sen) olara aýt: «Elbetde siz, har we
        sözi alyp gaçmagy başaran (şeýtan) tapylsa,         zar bolup (direldilersiňiz)!
        onuň  yzyndan  böwsüp  geçýän  otly  yşyk           19.  (Gaýtadan  direlme)  elhenç  bir  ses
        (ýyldyz) kowup ýeter (we heläk eder).               (bilen) bolar. Olar şol wagt dessine direlip
        11. (Eý, Muhammet!) Indi olardan sora hany!         gözlerini  elek-çelek  edip,  töwerek-daşa
        Olary  (özlerini)  ýaratmak  has  kynmy  ýa-da      serederler».
        Biziň ýaradanlarymyzy ýaratmak has kynmy?           20.  (Muny  gören  kapyrlar):  «Biziň
        Elbetde,  biz  ol  (ynsanlary)  ýelmeşip  duran     halymyz  harap!  Bu  gün  jeza  berilýän
        palçykdan ýaratdyk.                                 (kyýamat güni) ahyry» diýerler.
        12. Sen (Allanyň gudratyna we olaryň muny           21.  Ine,  bu  siziň  ýalan  hasaplap  ýören
        inkär  etmegine)  geň  galýarsyň,  ýöne  olar       höküm günüňizdir.
        (hakykaty) ýaňsa alýarlar.                          22, 23. (Alla perişdelerine buýruk berer):
        13. (Olar özlerine) öwüt-ündew edilen wagty         «Zalymlary,  olaryň  ýaranlaryny  we
        öwüt-ündew almaýarlar.                              Alladan  özge  ybadat  eden  (hudaýlaryny)
        14.  Olar  eger  mugjyza  görseler  hem  ýaňsa      bir ýere jemläň! Olara dowzahyň ýoluny
        alýarlar.                                           görkeziň!
        15. (Üstesine-de): «Bu diňe äşgär jadydyr.          24.  Olary  dessine  saklaň  (tussag  ediň),
        16. Takyk, biz ölenimizden, topraga we süňke        sebäbi olar soraga çekilmeli!».
        öwrülenimizden soň gaýtadan direldilerismi?
        17. Öňki ata-babalarymyz hem (direlmelimi?»
        diýerler).                                          25.  Size  näme  boldy  beýle,  birek-birege
                                                                                                 447
   441   442   443   444   445   446   447   448   449   450   451