Page 448 - Kurany Kerim Meali
P. 448
52. Ol: «Sen hem (gaýtadan direlmäge)
iman getirenlerdenmi?
53. Biz ölüp, topraga we süňke
öwrülenimizde, (gaýtadan direldilip,
jezalandyrylyp), temmimiz berlermi?»
diýerdi.
54. (Ol adam dünýä ýaşaýşynda geçip
giden ýaňky hadysany gürrüň berip
bolandan soň, şol ýerdäkilere ýüzlenip:)
«Siz hakykatda näme bolandygyny
bilýärsiňizmi?» diýdi.
55. Ol seredip durşuna, (dostunyň)
dowzayň ortasyndadygyny gördi.
56. (Ol azap çekýän dostuna): «Kasam
bolsun! Sen (ýalan dünýäde haka garşy
aýdan sözleriň bilen) meni hem tas heläk
edipdiň.
57. Eger-de Perwerdigärimiň nygmaty
bolmadyk bolsa, şu wagt men hem
dowzaha eltiljekleriň biri bolardym»
diýdi.
58. Biz indi (jennetde) ölmeli dälmi
eýsem?
59. Ilkinji ölümden başga ölüm bolmaz.
Bize azap hem edilmez.
60. Ine, bu (iň) uly üstünlikdir.
61. Amal edýänler, ine, şeýle zat (hak) gördüler.
üçin amal etsinler! 70. Olar hem ata-babalarynyň yzlaryna
62. Düşlemek (ornaşmak) üçin bu (düşüp ters ýolda) ýüwürdiler.
(nygmatlar) has haýyrlymy ýa-da zakgun 71. Kasam bolsun! Olardan öňki
agajy? (milletleriň-de) köpüsi ters ýolda
63. Takyk, biz şol (zakgun agajyny) boldular.
zalymlar üçin synag edip goýduk. 72. Takyk, biz olara hem duýduryjylary
64. Çünki ol dowzahyň düýbünde ösüp (pygamberleri) iberipdik.
ýetişýän agaçdyr. 73. Özlerine duýduryş berlenleriň
65. (Agajyň) miweleri bolsa şeýtanlaryň ahyrlarynyň nähili bolandygyna seredip
kelleleri ýalydyr. gör!
66. (Dowzahdakylar) şolardan iýerler 74. Diňe Allanyň yhlasly bendeleri (halas
hem-de garynlaryny şol (miwelerden) boldular).
doldurarlar. 75. Kasam bolsun! Nuh Bize ýalbaryp
67. Soňra (zakgun miwesiniň) üstüne ýüzlendi. Biz doga-dilegleri nähili gowy
olar üçin gaýnag suw garylan içgi bardyr. kabul edýäris!
68. Yzyndan bolsa olar ýene-de dowzah 76. (Nuhuň) özüni we maşgalasyny iň
oduna gaýtarylyp eltiler. uly gamdan halas etdik.
69. Olar ata-babalaryny ters ýoldakalar
449

