Page 452 - Kurany Kerim Meali
P. 452
154. Size näme bolýar? Siz nähili höküm
berýärsiňiz?
155. Siz akylyňyzy ulanyp
pikirlenmeýärsiňizmi?
156. Ýa-da siziň (eliňizde Allanyň
perzendiniň barlygy hakynda) äşgär
deliliňiz barmy?
157. Eger-de dogryňyzy aýdýan
bolsaňyz, kitabyňyzy getiriň?
158. Alla bilen jynlaryň arasynda
hem nesil baglanyşygyny oýlap
tapdylar. Kasam bolsun! Jynlar hem
özleriniň (hasap soraljak ýere) alnyp
baryljakdyklaryny (anyk) bilýärler.
159. Alla olaryň ýöňkeýän
(ýalanlaryndan) päkdir.
160. Diňe Allanyň yhlasly bendeleri
(azaba duçar edilmezler).
161, 162. (Eý, kapyrlar) Siz we ybadat
edýän zatlaryňyz, hiç haýsyňyz ony
(ynsany Allanyň garşysyna) pitne
çykarmaga iterip bilmersiňiz.
163. Diňe dowzaha girjek kişini (azdyryp
bilersiňiz).
164. (Perişdeler): «Biziň her haýsymyz
üçin belli derejeler bardyr.
165. Elbetde, biz ol ýerde hatar-hatar
bolup durarys. 175. Olar tiz wagtda (başlaryna injek
166. Elbetde, biz (Allany päkläp) tesbih azaby) görerler.
edýäris» (diýerler). 176. Biziň (berjek) azabymyza
167, 168, 169. (Butparazlar) bolsa: howlukmaçlyk edýärlermi?
«Eger-de bizde hem öňkülere berlen 177. Haçan-da (azap) olaryň ýurtlarynyň
(kitap bolsady), biz hem Allanyň yhlasly (üstünden inende), duýduryş berlenleriň
bendelerinden biri bolardyk» diýip (emma ýola gelmän ötenleriň) säherleri
nähili erbet bolar!
aýdarlar. 178. Sen belli bir wagta çenli olardan
170. Indi bolsa ony (haky) inkär etdiler. ýüz dönder (üns berme!)
Emma olar tiz wagtda (hakykata) göz 179. Eserdeň bolup, olara seredip dur!
ýetirerler. 180. Seniň gudraty güýçli, yzzat eýesi
171. Kasam bolsun! Biz pygamber edip bolan Perwerdigäriň olaryň ýöňkeýän
iberen bendelerimize söz beripdik. toslamalaryndan päkdir!
172. Olara hökman goldaw beriler. 181. Pygamber edilip ugradylan
173. Takyk, Biziň goşunymyz hökman pygamberleriň hemmesine salam bolsun!
üstün çykar! 182. Älemleriň Perwerdigäri bolan Alla
174. Şol sebäpden sen olardan belli bir hamdy-senalar bolsun!
wagta çenli ýüz dönder (üns berme)!
453

