Page 444 - Kurany Kerim Meali
P. 444

56.  Olar  we  jübütleri  kölegeli  ýerlerde
                sekilere ýaplanyp oturarlar.

                57. Ol ýerde olar üçin (dürli-dümen) ir-
                iýmişler bardyr. Olar üçin ol ýerde islän
                zady bolar.

                58.  Olara  rehim-şepagatly  Perwerdigär
                tarapyndan salam sözi (aýdylar).


                59.  (Olara):  «Eý,  günäkärler!  Hany,  bu
                gün (ýagşylardan) saýlanyň!» diýler.

                60,  61.  Eý,  Adam  perzentleri!  Size:
                «Şeýtana ybadat etmäň (boýun bolmaň),
                çünki  ol  size  göz-görtele  duşmandyr.
                Maňa  ybadat  ediň,  sebäbi  dogry  ýol
                budur» diýip äht edip aýtmadymmy?


                62.  Şeýtan  siziň  (araňyzdan)  nesilleriň
                köpüsini    azdyryp     aldawa    saldy.
                (Henizem) akylyňyzy ulanyp pikirlenjek
                dälmisiňiz?!

                63. Ine, bu size wada berlen dowzahdyr.


                64.  Inkär  edip,  kapyr  bolandygyňyz
                sebäpli, bu gün oňa (dowzaha) giriň!         68.  Biz  kime  uzak  ömür  bersek,  onuň

                                                             (ýagdaýyny)  tersine  öwreris.  (Ynsan
                65. Bu gün olaryň agyzlaryny möhürläp        gartaşansoň  tapdan  düşüp  çaga  ýaly,
                goýarys,  olaryň  eden  işlerini  Bize  öz   akyl  we  beden  taýdan  ejizlemek
                elleri gürrüň berer, aýaklary hem şaýatlyk   bilen  bolar.  Heý),  akyllaryny  ulanyp
                eder.                                        pikirlenmeýärlermi?

                66. Eger Biz islesedik, olaryň gözlerini     69.  Biz  oňa  (pygambere)  şygyr-goşgy
                bütinleý kör edip goýardyk. Şonda olar       öwretmedik.  Bu  oňa  (pygamberligine)
                dogry  ýoly  tapmak  üçin  ylgaşardylar,     gelişmez.  (Onuň  aýdýanlary)  diňe
                emma  olar  (hakykaty)  nädip  görüp         Alladan  gelen  nesihatdyr  we  aýdyň
                bilsinler!                                   Kurandyr.


                67. Eger Biz islesedik, duran ýerlerinde     70.  (Ol)  dirilere  duýduryş  berýän,
                olaryň durkuny (sypatyny) üýtgederdik.       kapyrlara  bolsa  sözüň  (azabyň)  laýyk
                Olar  öňe-de  gidip  bilmezler,  yza-da      boljakdygyny (habar berýän Kurandyr).
                gaýdyp bilmezler.


                                                                                                 445
   439   440   441   442   443   444   445   446   447   448   449