Page 440 - Kurany Kerim Meali
P. 440

45.  Eger  Alla  ynsanlary  edýän  işleri
                sebäpli,  jezalandyrsady,  onda  Ol  ýer
                ýüzünde hiç bir janly-jandar goýmazdy.
                Ýöne  (Alla)  olary  belli  bir  wagta  çenli
                jezalandyrmaýar  (gijikdirýär).  Emma
                olaryň  wagty  gelende,  Allanyň  öz
                bendelerini  görüp  durandygy  äşgär
                (hakykatdyr, olara eden işlerine görä jeza
                berer).

                            36-njy süre: Ýäsin


                «Ýäsin» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol
                83  aýatdan  ybaratdyr.  Süräniň  ady  ilkinji  aýatda
                gelýän  elipbiý  harplary  bolan  «ýä»  we  «sin»
                harplarynyň guşulyp gelýändigi sebäpli, bu at bilen
                atlandyrylypdyr.  Käbir  alymlaryň  garaýşyna  görä,
                «Eý, ynsan!» manysyny aňladýan «Ýäsin» diýmek
                bilen   Muhammet   aleýhissalama   ýüzlenilýär.
                «Ýäsin»  süresinde  Haky  ykrar  edýänler  bilen
                etmeýänleriň ahwalaty, kyýamatda boljak zatlar we
                Allanyň gudratynyň beýany getirilýär.

                   Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
                        şepagatly) Allanyň ady bilen

                1, 2. Ýäsin. Hikmetli Kurana kasam bolsun!


                3. Takyk, sen iberilen (pygamberlerdensiň).

                4. Sen dogry ýoldan barýarsyň.

                                                             görüp bilmezler.
                5, 6. Bu (Kuran) Gudraty güýçli we Rehim-
                şepagatly (Alla) tarapyndan ata-babalaryna   10. Sen olary (azap bilen) gorkuzsaň-da,
                duýduryş  berilmedik,  (şonuň  üçin  hem)    gorkuzmasaň-da,  (olar  üçin)  tapawudy
                gapyl  galan  kowuma  duýdurmagyň  üçin      ýok, (bary bir) ynanmazlar.
                inderilendir.

                                                             11.  Sen  diňe  Kurana  eýerýän  görmese
                 7. Kasam bolsun! Olaryň köpüsine (jeza      hem,  Rahmandan  (Alladan)  gorkýan
                bermek) söz hakykat boldy! Bes, olar iman    (adama)  duýduryp  bilersiň!  Ine,  ony
                getirmezler.                                 (Allanyň)  ýalkawy  we  ýagşy  sylagy

                                                             bilen söýünjile.
                 8. Biz olaryň boýunlaryna eňeklerine çenli
                ýetip duran halkalar geçirdik. (Şol halkalar   12. Takyk, Biz ölüleri hökman direlderis
                sebäpli) kelleleri ýokaryk bakyp durandyr.   we olaryň öň eden (hemme işlerini) hem-
                                                             de (soňky galdyrjak) yzlaryny (işlerini)
                9.  Biz  olaryň  öňlerinden  bir  bent,      ýazyp goýarys. Biz ähli zady aýdyň ýol
                yzlaryndan  hem  bir  bent  etdik.  (Şeýdip),   görkezijide  (Lowhy-mahfuzda)  ýazyp
                olary  gabap  goýduk.  Indi  olar  (hakykaty)   goýduk.


                                                                                                 441
   435   436   437   438   439   440   441   442   443   444   445