Page 283 - Kurany Kerim Meali
P. 283

Ynsan örän gyssanmaçdyr.
                                                      Düşündiriş: Bu aýatda ynsanyň kä halatda başyna
                                                      düşen kynçylyklary sabyrlylyk we zähmet bilen
                                                      ýeňip geçmek ýerine öz ölümini dilemek, gargyş
                                                      etmek,  haram  ýa-da  halallygyna  garamazdan,
                                                      mal-mülk edinmek ýaly ýalňyş ýollar bilen Alla
                                                      doga-dileg edýän halatlarynyň hem bolýandygy
                                                      aýdylýar.

                                                      12. Biz gijäni we gündizi (gudratymyzy
                                                      görkezýän)  iki  alamat  edip  goýduk.
                                                      Gijäniň alamatyny (Aýy dynç almagyňyz
                                                      üçin) öçürdik, gündiziň alamatyny (Güni
                                                      rysgalyňyzy)  Perwerdigäriňiziň  pazly-
                                                      kereminden  islemegiňiz  üçin,  ýyllaryň
                                                      sanyny    we    (aý-günüň)    hasabyny
                                                      bilmegiňiz  üçin  aýdyňlyk  edip  goýduk.
                                                      (Şeýdip) ähli zady açykdan-açyk beýan
                                                      etdik.


                                                      13.  Biz  her  ynsanyň  guşuny  (amalyny)
                                                      öz  boýnuna  bagladyk.  Kyýamat  güni
                                                      onuň  üçin  (eden  işleri  öňünde)  açylyp
                                                      goýuljak bir kitap çykararys.


                                                      14.  (Oňa):  «Kitabyňy  oka!  Bu  gün
                                                      hasaba çekiji hökmünde özüň özüň üçin
                                                      ýeterlikdir!» (diýler).


          8. Belki, Perwerdigäriňiz size merhemet     15. Kim dogry ýola düşse, diňe özi üçin
          eder.     Eger      (azgynçylygyňyza)       düşýär. Kim (dogry ýoldan) azaşsa, diňe
          dolansaňyz, Biz hem (sizi heläk etmäge)     öz  zyýanyna  azaşýar.  Hiç  bir  günäkär
          dolanarys.  Biz  dowzahy  kapyrlar  üçin    özgäniň  günäsini  götermez.  Biz,  tä
          gurşap alyjy (zyndan) edip goýduk.          pygamber iberýänçäk, (hiç bir kowuma)
                                                      azap bermedik.
          9.  Elbetde,  bu  Kuran  (ynsanlary)  iň
          dogry ýola gönükdirýär we ýagşy işleri      16.  Biz  bir  şäheri  (ýurdy)  heläk  etmek
          edýän  möminlere,  takyk,  uly  sylagyň     islänimizde,  ol  (şäheriň,  ýurduň)  ynjyk
          bardygyny buşlaýar.                         baştutanlaryna (dogry ýola gelmegi) emir
                                                      ederis.  (Ýöne)  olar  ol  ýerde  bozgaklyk
          10.  Takyk,  ahyrete  iman  getirmeýän      ederler.  Şeýdip,  ol  (ýurduň)  üstüne  söz
          kişiler  üçin  bolsa  ejirli  azaby  taýýarlap   (azap) wajyp bolar. Biz hem ol (ýurdy)
          goýduk.                                     ýumrup, weýran ederis.

          11.  Ynsan  (Alladan)  ýagşylyk  sorap      17.  Biz  Nuhdan  soňky  nesillerden
          dileg edişi ýaly, (başyna kynçylyk gelen    hem  ençesini  heläk  etdik.  Seniň
          mahaly) ýamanlyk diläp hem dileg eder.      Perwerdigäriň bendeleriniň günälerinden
                                                      doly habardardyr, görüp durandyr.

                                                                                        284
   278   279   280   281   282   283   284   285   286   287   288