Page 281 - Kurany Kerim Meali
P. 281

123.  Soň  (eý,  Muhammet!)  Saňa:
                                                      «(Allany  bir  bilip),  haka  ýönelip,
                                                      Ybraýymyň dinine eýer!» (diýip), wahyý
                                                      etdik. (Çünki ol) Alla şärik goşanlardan
                                                      däldi.


                                                      124. Şenbe (gününi dynç güni we ybadat
                                                      güni hasaplamak, ol günde aw etmezlik),
                                                      diňe ol (gün) hakda dawa eden kişilere
                                                      (ýahudylara  parz)  edildi.  Takyk,  seniň
                                                      Perwerdigäriň  olaryň  arasyndaky  dawa
                                                      edýän  zatlary  barada  kyýamat  güni
                                                      hökman höküm berer.

                                                      125.  (Eý,  Muhammet!  Sen  olary)
                                                      Perwerdigäriň ýoluna hikmet bilen, gözel
                                                      pent (nesihat) bilen çagyr. Olar bilen iň
                                                      gözel  tärde  çekişme  alyp  bar!  Takyk,
                                                      seniň Perwerdigäriň (Özüniň) ýolundan
                                                      azaşan  kişini-de  örän  gowy  bilýändir,
                                                      dogry  ýolda  bolan  kişini-de  örän  gowy
                                                      bilýändir.


                                                      126.  Eger  (kimleri)  jezalandyrmakçy
                                                      bolsaňyz, size berlen jezanyň barabaryna
                                                      görä  jeza  beriň!  Eger  sabyr  etseňiz,
                                                      elbetde,  ol  sabyrly  kişiler  üçin  has
                                                      haýyrlydyr.
                                                      Düşündiriş:  Bu  aýata  şeýle  düşündiriş  berilýär:
                                                      Pygamberimiz  Muhammet  aleýhissalam  Uhud
                                                      söweşinde kakasynyň dogany hezreti Hemzäniň
          119. Soň, şübhesiz, seniň Perwerdigäriň     burnunyň  we  gulagynyň  kesilenini,  bagyr-
          nadanlyk  bilen  ýaman  iş  edip,  soň      öýkeniniň  çykarylanyny  görende:  «Alladan
          munuň  yzyndan-da  toba  edenleri  hem-     kasam  edýärin,  eger  maňa  ýeňiş  nesip  etse,
          de  (özlerini)  düzedenleri  (bagyşlar).    seniň  ýeriňe  ýetmiş  adamy  şular  ýaly  ederin»
          Elbetde,   seniň   Perwerdigäriň    şol     diýip  kasam  edýär.  Pygamberimiz,  inen  bu
          (tobadan) soň (olar üçin) Bagyşlaýjydyr,    aýat  sebäpli,  eden  ähti-peýmanynyň  ýerine
                                                      keffarat tölegini berýär. Kasamyny bozan adam,
          Rehim-şepagatlydyr.                         keffaratyň  jerimesi  hökmünde  on  sany  garyby
                                                      (ajy)  naharlamaly  ýa-da  bir  guly  azat  etmeli.
          120. Elbetde, Ybraýym Alla boýun egen,      Eger  bulara  güýji  ýetmese,  üç  gün  yzly-yzyna
          (Allany bir bilip) haka ýönelen ymmatdy     agyz beklemeli.
          (baştutandy).  Ol Alla  şärik  goşanlardan
          däldi.                                      127. (Eý, Muhammet!) Sabyr et! Seniň
                                                      sabryň diňe Allanyň (ýardamy) bilendir.
          121.  (Ybraýym)  Onuň  nygmatlaryna         Olar  üçin  gynanma!  Olaryň  hileleri
          şükür edijidi. (Alla) ony (pygamberlige)    sebäpli, darykma!
          saýlady we ony dogry ýola gönükdirdi.
                                                      128.  Takyk,  Alla  takwa  bolan  we
          122. Biz oňa bu dünýäde ýagşylyk berdik.    ýagşylyk  edýän  (dürs-dindar)  kişiler
          Elbetde,  ol  ahyretde  hem  salyhlardan    bilen biledir.
          (söýen bendelerimden) bolar.

                                                                                        282
   276   277   278   279   280   281   282   283   284   285   286