Page 278 - Kurany Kerim Meali
P. 278

94. Araňyzdaky kasamlaryňyzy (bozup)
                aldaw  serişdesi  etmäň!  (Ýogsa  yslam
                ýolunda)  mäkäm  ornaşandan  soň  hem,
                aýaklaryňyz  taýar.  (Şeýdip)  Allanyň
                ýolundan     gaýtaranlygyňyz    sebäpli,
                (onuň) ýaman (jezasyny) dadarsyňyz we
                siziň üçin uly azap bardyr.

                95.  Alla  beren  ähdiňizi  sähelçe  baha
                (dünýä  malyna)  satmaň!  Eger  bilseňiz
                elbetde,  Allanyň  huzuryndaky  (sylag)
                siziň üçin has haýyrlydyr.


                96.    Siziň    ýanyňyzdaky     (dünýä)
                maly  gutarar.  Allanyň  ýanyndaky  zat
                (sogaplar)  bakydyr.  Takyk,  sabyr  eden    100.  Onuň  hökmürowanlygy  diňe  ony
                kişileriň eden işleriniň sylagyny iň gözel   dost  tutanlara  we  Oňa  (Alla)  şärik
                görnüşde bereris.                            goşanlara (ýöreýändir).

                97.  Erkek  bolsun,  ýa  aýal,  (her)  kim   101. Biz bir aýaty (başga) bir aýat bilen
                iman getirip, ýagşy işleri etse, takyk, ony   çalşyranymyzda, (elbetde) Alla inderýän
                gözel durmuşda ýaşadarys. Olaryň eden        zadyny  (aýatyny)  örän  gowy  bilýär.
                işleriniň  sylagyny  iň  gözel  görnüşde     (Kapyrlar:  «Eý,  Muhammet!)  Sen  diňe
                bereris.                                     bir  toslap  tapyjysyň»  diýdiler.  Ýok,
                                                             olaryň köpüsi (hakykaty) bilmeýärler.
                98.  Kuran  okanyňda,  kowlan  şeýtanyň
                şerinden Alla sygyn!                         102.  (Eý,  Muhammet!)  Aýt:  «Ony

                                                             (Kurany)    Perwerdigäriň    tarapyndan
                99. Dogrusy, onuň (şeýtanyň) iman getiren    Ruhul-Kudus  (Jebraýyl)  iman  getiren
                hem-de ýalňyz Perwerdigärine bil baglan      kişileriň    (imanyny)       berkitmek,
                kişileriň   üstünden   (hökmürowanlyk        musulmanlara  dogry  ýoly  görkezmek
                etmäge) güýji ýokdur.                        hem-de  buşluk  bolmagy  üçin  hak  (ýol)
                                                             bilen inderdi».

                                                                                                 279
   273   274   275   276   277   278   279   280   281   282   283