Page 602 - Kurany Kerim Meali
P. 602
103-nji süre: «Asr» («Wagt»)
«Asr» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol
3 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda
agzalýan ikindi, asyr, döwür, wagt we zamana
ýaly manylary aňladýan «Asr» sözünden alnandyr.
Bu gysga we uz manyly sürede yslamyň manysy
jemlenýär. Sürede Allatagala asra (wagta) kasam
bilen başlaýar we ahyretde halas bolmak isleýänleriň
iman getirip, ýagşy işleri etmelidigi, biri-birlerine
hakykaty aýdyp, sabyrly bolmagy ündemelidigi
aýdylýar.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Asra (wagta) kasam bolsun!
2. Takyk, ynsan zyýanyň içindedir.
3. Meger iman getirip, ýagşy işleri edýänler,
biri-birlerine hakykaty we sabyrly bolmagy
ündeýänler (zyýanyň içinde däldirler).
104-nji süre: «Hümeze» («Gybat edýänler»)
«Hümeze» süresi Mekgede inen sürelerden bolup,
ol 9 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji sürede
agzalýan «Gybat edýän, ýaňsylaýan» manysynda
bolan «Hümeze» sözünden alnandyr. Bu sürede
ynsanlary ýazgarmagyň, aýyplamagyň erbetdigi,
beýle iş edýänler üçin taýýarlanan dowzah odunyň
aýylgançdygy beýan edilýär.
«Fil» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- 5 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda
şepagatly) Allanyň ady bilen agzalýan pil sözünden alnandyr. Bu sürede Allanyň
dinine garşy çykanlaryň ahyrky netijeleriniň
1. (Ynsanlaryň) yzyndan gep-gybat örän ýowuz boljakdygy we piller bilen Käbäni
edýänleriň, aýyplaýanlaryň, olary (köpçülikde ýykmaga gelenleriň başyna gelen wakalar arkaly
göz-gaş kakyp) ýaňsylap, peseldýänleriň beýan edilýär.
(kyýamat güni) waý hallaryna!
2. Ol (özüniň) ýygnan mal-mülküni sanar Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
durar. şepagatly) Allanyň ady bilen
3. Ol (ýygnan bu) mal-mülki özüni ebedi
ýaşadar öýder. 1. Eýsem sen Perwerdigäriň (piller bilen
4. Ýok, beýle däl! Ol hökman Hutamä gelen) pil eýelerine näme edendigini
oklanar. görmediňmi?
5. Sen Hutamäniň nämedigini näbiljek? 2. Eýsem (Alla) olaryň hile-pirimlerini
6. (Ol) Allanyň tutaşdyran odudyr. puja çykarmadymy?
7. Ol ot ýüreklere çenli ýetip (ony ýakar). 3. (Alla) olaryň üstüne (süri-süri halda)
8. Bu ot olaryň (gybatkeşleriň) üstüne ebabyl guşlaryny iberdi.
örtülendir. 4. Ol guşlar olaryň üstüne bişen toýundan
9. (Özleri hem bu oduň içinde) uzyn sütünlere ýasalan daş zyňýardylar.
daňlandyr. 5. Şeýdip, (Alla) olary çeýnelip taşlanan
ekin (ýapragyna) öwürdi.
105-nji süre: «Fil» («Pil»)
603

