Page 605 - Kurany Kerim Meali
P. 605

113-nji süre: «Felak» («Säher»)

                                                      «Felak»  süresi  Mekgede  inen  sürelerden  bolup,
                                                      ol 5 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda
                                                      agzalýan  «Felak»  («Säher»)  sözünden  alnandyr.
                                                      Bu  sürede  ynsanlaryň  özlerine  gelip  biljek  dürli
                                                      erbetliklerden Alla  nähili  sygynmalydygy,  nädip
                                                      Onuň gorag-penasyna girmelidigi beýan edilýär.

                                                        Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
                                                              şepagatly) Allanyň ady bilen


                                                      1, 2, 3, 4, 5. Aýt (eý, Muhammet!): «Men
                                                      säheriň  Perwerdigärine  sygnyp,  (Onuň)
                                                      ýaradan  zatlarynyň  şerinden,  tümlük
                                                      bürän wagty gijäniň şerinden, düwünlere
                                                      (üfläp jady edýän) jadygöýleriň şerinden,
                                                      göriplik  edýän  wagty  göribiň  şerinden
                                                      pena isleýärin!».

                                                           114-nji süre: «Näs» («Ynsanlar»)

                                                      «Näs»  süresi  Mekgede  inen  sürelerden  bolup,
                                                      ol  6  aýatdan  ybaratdyr.  Süräniň  ady  her  aýatyň
                                                      soňunda  gaýtalanýan we  ynsanlar  diýmek  bolan
                                                      «Näs»  sözünden  alnandyr.  Bu  süre  «Felak»
             112-nji süre: «Yhlas» («Kulhuwalla»)     süresiniň dowamy hökmünde bolup, onda Beýik
                                                      Alladan gorag-pena islenilýär. Bu soňky iki sürä
                                                      «Muawwizeteýn»  («Pena  islenilýän  iki  süre»)
          «Yhlas»  süresi  Mekgede  inen  sürelerden  bolup,   diýilýär.
          ol  4  aýatdan  ybaratdyr.  Pygamberligiň  ilkinji
          döwürlerinde  wahyý  edilen  bu  süre  Kuranyň
          gysgaça  manysyny  we  ýeke-täk  Allanyň  birlik   Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
          ynanjyny  äşgär  edýändigi  üçin  «Yhlas»  süresi   şepagatly) Allanyň ady bilen
          diýip at alypdyr. Bu sürede Alla şärik goşmagyň
          ähli görnüşleri gadagan we inkär edilýär.   1,  2,  3,  4,  5,  6. Aýt  (eý,  Muhammet!):
                                                      «Men      ynsanlaryň    Perwerdigärine,
            Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-        ynsanlaryň  Hökümdaryna,  ynsanlaryň
                 şepagatly) Allanyň ady bilen
                                                      Hudaýyna  sygnyp,  (gaflatda  wagty)
          1, 2, 3, 4. Aýt (eý, Muhammet!): «Ol Alla   ynsanlaryň  gursaklaryna  (ýüreklerine)
          Ahatdyr (Birdir). Alla Sametdir (hiç zada   was-wasy salýan, (Allany ýatlaýan wagty
          mätäç däldir, ähli zat Oňa mätäçdir). Ol    bolsa gaçýan) ynsanlardan we jynlardan
          (hiç  kimi)  dogran  däldir,  (hiç  kimden)   bolan şeýtanyň şerinden pena isleýärin!».
          doglan  däldir.  Onuň  hiç  bir  deňi-taýy
          ýokdur».



                                                                                        606
   600   601   602   603   604   605   606   607   608   609   610