Page 603 - Kurany Kerim Meali
P. 603

107-nji süre: «Mägun»
                                                                 («Ýardam bermek»)


                                                      «Mägun» süresi Mekgede inen sürelerden bolup,
                                                      ol  7  aýatdan  ybaratdyr.  Süräniň  ady  «Ýardam
                                                      bermek»  manysynda  bolan  we  iň  soňky  aýatda
                                                      agzalýan «Mägun» sözünden alnandyr. Bu sürede
                                                      iman getirmegiň, jemgyýetde daýanyşmagyň we
                                                      ýardamlaşmagyň  ähmiýeti  we  zerurlygy  barada
                                                      aýdylýar.

                                                        Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
                                                              şepagatly) Allanyň ady bilen

                                                      1.  Sen  dini  (kyýamaty)  inkär  edýäni
                                                      gördüňmi?
                                                      2. Ol ýetimi kowup goýberýän (adamdyr).
                                                      3.  Ol  garyba  (misgine)  tagam  bermegi
                                                      halamaz.
                                                      4,  5.  Okan  namazlaryndan  özleri
                                                      gapyl  bolanlaryň  (namazy  wagtynda
                                                      okamaýanlaryň) waý hallaryna!
                                                      6, 7. Olar (edýän işlerini) göz üçin edip,
                                                      haýyr işlere hem päsgel bolýanlardyr.


                                                                 108-nji süre: Köwser

                                                      «Köwser»  süresi  Mekgede  inen  sürelerden
                                                      bolup,  ol  3  aýatdan  ybaratdyr.  Pygamberligiň
                                                      ilkibaşlarynda  inderilen  bu  süre  özüniň  adyny
                                                      ilkinji  aýatda  agzalýan  «Köwser»  sözünden
                                                      alandyr. «Köwser» jennetdäki bir howzuň adydyr.
            106-njy süre: «Kuraýş» («Kuraýşlylar»)    Bu  süre  Kurany  Kerimiň  iň  gysga  süresidir.  Bu
                                                      sürede Allanyň  Muhammet  aleýhissalama  bagyş
          «Kuraýş» süresi Mekgede inen sürelerden bolup,   etjek  Köwser  howzy,  şeýle-de  pygamberimiziň
          ol 4 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda   oglan çagalarynyň durmaýandygy üçin, oňa «soňy
          kuraýş  taýpasynyň  ady  agzalýandygy  üçin  bu   kesik» diýendikleri we olara berlen jogap barada
          sözden  alnandyr.  Bu  sürede  kuraýşlylaryň  Käbä   aýdylýar.
          eýe  çykyp,  ony  gorandyklary  üçin  berlen  zatlar
          barada gürrüň gozgalýar.                      Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
                                                              şepagatly) Allanyň ady bilen
            Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
                 şepagatly) Allanyň ady bilen         1.  (Eý,  Muhammet!)  Takyk,  Biz  saňa
                                                      Köwser (howzuny) berdik!
          1,  2,  3,  4.  Kuraýşlylar  özleriniň  ülpet   2. Indi sen Perwerdigäriň üçin namaz oka
          bolup  jebisleşendikleri,  özlerine  gyşda   (ybadat et) we gurbanlyk çal!
          we  tomusda  sapar  etmegiň  aňsat  edilip   3. Saňa (soňy kesik diýip, duşmançylyk
          goýlandygy, özlerini açlykdan doýrandygy    edýänleriň) özleriniň soňy kesikdir!
          we  gorky-howpdan  asuda  edendigi  üçin
          bu öýüň (Käbäniň) Perwerdigärine ybadat
          etsinler!
                                                                                        604
   598   599   600   601   602   603   604   605   606   607   608