Page 604 - Kurany Kerim Meali
P. 604
109-njy süre: «Käfirun» («Kapyrlar»)
«Käfirun» sürese Mekgede inen sürelerden
bolup, ol 6 aýatdan ybaratdyr. Süre adyny ilkinji
aýatda agzalýan we kapyrlara ýüzlenip aýdylan
«Käfirun» sözünden alandyr. Bu sürede dini kabul
etdirmek üçin kapyrlary mejbury ýagdaýa salmaly
däldigi, olary öz günlerine goýmalydygy aýdylýar.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Aýt! (eý, Muhammet!): «Eý, kapyrlar!
2. Men siziň ybadat edýäniňize ybadat
etmeýärin!
3. Siz hem meniň ybadat edýänime ybadat
etmeýärsiňiz!
4. Men siziň ybadat edýäniňize hiç haçan
ybadat etmerin!
5. Siz hem meniň ybadat edýänime ybadat
etmersiňiz!
6. (Şonuň üçin hem) siziň diniňiz özüňiz
üçin, meniň dinim hem meniň üçindir!».
110-njy süre: «Nasr» («Kömek»)
«Nasr» süresi Mekgede inen sürelerden bolup,
ol 3 aýatdan ybaratdyr. Bu süre Mekgäniň
musulmanlaryň ygtyýaryna geçen wagty inipdir.
Süräniň ady kömek manysynda bolan ilkinji aýatda
agzalýan «Nasr» sözünden alnandyr. Bu sürede
Allanyň kömeginiň gelendigi, pygamberligiň öz manysynda bolan we iň soňky aýatda agzalýan
maksadyna ýetendigi we onuň indi wagtynyň «Mesed» sözünden alandyr. Bu sürede hak dine
azalandygy habar berilýär. duşmançylyk edendigi sebäpli, barjak ýeri dowzah
bolan Ebu Lehebiň we onuň aýalynyň mysalynda
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- din duşmanlarynyň başyna geljek netijeler barada
şepagatly) Allanyň ady bilen habar berilýär.
1, 2, 3. (Eý, Muhammet!) Allanyň kömegi Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
we (Mekge eýelenip) ýeňiş gelen bolsa, şepagatly) Allanyň ady bilen
ynsanlaryň topar-topar bolup Allanyň
dinine girýändiklerini gören bolsaň, indi 1. Ebu Lehebiň elleri gurasyn! Ol
sen Perwerdigäriňe hamdy-sena (aýt we (dogrudan hem) gurady.
Ondan ýalkaw dile! Takyk, Ol tobalary 2. Oňa mal-mülküniň we eden işleriniň
kabul edijidir. peýdasy hem degmedi.
3. Ol (dowzahda) alawlap ýanýan otda
111-nji süre: «Mesed» («Işilen süýüm») ýanar.
4. Onuň aýaly (hem otda ýanar we) odun
«Mesed» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, daşar.
ol 5 aýatdan ybaratdyr. Adyny «Işilen süýüm» 5. Onuň boýnunda hurma süýüminden
işilen ýüp bardyr.
605

