Page 592 - Kurany Kerim Meali
P. 592

87-nji süre: «Aglä» («Has beýik»)

                «Aglä» süresı Mekgede inen sürelerden bolup, ol
                19  aýatdan  ybaratdyr.  Süre  özüniň  adyny  ilkinji
                aýatda  agzalýan  «Has  beýik»  manysyndaky
                «Aglä»  sözünden  alypdyr.  Bu  sürede  Allanyň
                gudraty  we  birligi,  Muhammet  aleýhissalama
                gelen wahyý we käbir öwüt-ündewler orun alýar.

                  Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
                        şepagatly) Allanyň ady bilen

                1. Perwerdigäriň Beýik adyny tesbih et!
                2,  3,  4,  5.  Ol  seni  ýaradyp,  saňa  kämil
                ýaradylyş beren, (ähli barlygy) bir ölçege
                görä ýaradyp, dogry ýoly görkezen, ol gök
                otlary çykaryp, soň hem ony gury bir çöpe
                öwren (Allanyň adyny ýatlap zikir et)!
                6, 7. Biz saňa (Kuran) okadarys, sen hem
                ondan  Allanyň  islänindan  başga  hiç  bir
                zady unutmarsyň! Sebäbi Ol (siziň üçin)
                äşgär  bolany  hem,  gizlin  bolany  hem
                gowy bilýändir.
                8,  9.  Seni  iň  aňsady  bilen  üstünlige
                ýetireris.  Şonuň  üçin  sen  öwüt  peýda
                berse nesihat et!
                10,  11,  12,  13.  (Alladan)  gorkan
                (nesihatdan)  öwüt  alar.  Emma  betbagt
                bolan  bolsa,  ondan  gaça  durar.  Beýle
                bolanlar (ahyretde) iň uly oda girerler. Soň
                ol  ýerde  ne  ölerler,  ne-de  ýaşap  (hözir)
                görerler.                                      Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
                14, 15. Özüni (günälerden) päklän hem-              şepagatly) Allanyň ady bilen
                de Perwerdigäriniň adyny ýatlap, namaz
                okan üstünlige ýeter.                        1.  (Gorkusy  ähli  ýeri  gurşap  aljak)
                16, 17. Emma, tersine, siz dünýä ýaşaýşyny   Gaşyýanyň  (kyýamatyň)  habary  saňa
                (we  lezzetini)  saýlap  alýarsyňyz.  Emma   geldimi!
                ahyret  (bagtyýarlygy)  has  üstün,  has     2. Ol gün ýere eglen, har-zelil ýüzler bolar.
                haýyrly we bakydyr.                          3.  Işden  (kynçylykdan)  ýaňa  (ol  ýüzler)
                18,  19.  Bu  (aýdylanlar),  elbetde,  öňki   gaty ýadawdyr.
                sahypalarda, Ybraýym bilen Musa berlen       4. (Olar) gyzgyn oda girerler.
                sahypalarda hem (habar berlendir).           5.  (Suwsanlarynda  diňe)  gaýnaýan
                                                             çeşmeden (suw) içiriler.
                   88-nji süre: «Gaşyýe» («Gaplap alan»)     6. Olara (awy ýaly) tikenden başga iýmit
                                                             ýokdur.
                «Gaşyýe» süresi Mekgede inen sürelerden bolup,   7.  (Bu  tiken)  ne  doýrar,  ne-de  açlygy
                ol 26 aýatdan ybaratdyr. Süre adyny ilkinji aýatda   giderer.
                agzalýan  sözden  alandyr.  «Gaşiýe»  sözüniň   8. (Emma) ol gün bagtly ýüzler hem bolar.
                manysy  «Gaplap  alan»  diýmekdir.  Ol  haýbaty   9.  (Olar)  çeken  (yhlasly)  zähmetleriniň
                bilen  ähli  ynsanlary  gorka  gaplap  alýandygyny   (sylagyny) alandyklary üçin şatdyrlar.
                aňladýan kyýamatyň bir adydyr. Sürede kyýamatda   10.   Olar   üstün   (we   ygtybarly)
                kapyrlaryň duçar boljak kynçylyklary, möminleriň   jennetdedirler.
                ýetjek bagtyýarlygy, Allanyň älemdäki gudraty we   11. Ol ýerde boş söz eşitmezler.
                hikmeti barada aýdylýar.
                                                                                                 593
   587   588   589   590   591   592   593   594   595   596   597