Page 594 - Kurany Kerim Meali
P. 594

15.  Perwerdigäri  ynsany  synag  etmek
                üçin  nygmatlaryna  gark  edende,  ol:
                «Perwerdigärim  maňa  nygmat  eçildi
                (yzzat-hormat etdi)» diýer.
                16.  Emma  synag  üçin  nesibesini
                daraldanda  welin,  ol:  «Perwerdigärim
                meni hor-perişan etdi» diýer.
                17. Ýok! (Siz Alladan elmydama pazly-
                kerem etmegini isleýärsiňiz welin), emma
                ýetime el uzatmaýarsyňyz?!
                18.         Mätäçleri        doýurmaga
                höweslendirmeýärsiňiz!
                19.  Miraslary  (halal-haram  diýmezden)
                işdämenlik bilen iýýärsiňiz!
                20. Siz baýlygy örän gowy görýärsiňiz.
                21. Ýok! (Siziň bu edýän işiňiz düýbünden
                ýalňyş). Dünýä sarsyp, bölek-bölek bolan
                wagty!
                22.  Perwerdigäriň  gelende,  perişdeleriň
                hatar-hatar düzülen wagty!
                23.  Dowzah  getirilen  wagty,  ynsan  diňe
                şol  gün  (ýalňyşyna)  düşüner.  Emma  (ol
                gün) akyl ýetireniniň peýdasy ýokdur.
                24.  (Ol  şol  gün):  «Käşgä,  bu  ýaşaýşym
                üçin taýýarlyk gören bolsadym» diýer.
                25. Ine, şol gün Onuň berjek azabyny hiç
                kim berip bilmez.
                26.  Onuň  daňan  bagyny  hiç  kim  daňyp
                bilmez.
                27. Eý, aramlyga ýeten kişi (ynsan)!
                28,  29,  30.  Sen  Perwerdigäriňden  razy
                bolan  halyňda,  Onuň  hem  senden  razy     1. Bu (mübärek) şähere!
                bolan halynda Perwerdigäriňe dolan! Sen      2. Seniň bu şähere girişiňe!
                Meniň  (yhlasly)  bendelerimiň  hataryna     3.  Ol  ata  we  onuň  zürýadyna  kasam
                goşulyp, jennetime gir!                      bolsun!
                                                             Düşündiriş:  Aýatda  «Ata  we  onuň  zürýady»
                                                             diýilmek  bilen,  Adam  Ata  we  onuň  neberesi,
                      90-njy süre: «Beled» («Şäher»)         ýagny bütin adamzat göz öňünde tutulýar.
                                                             4.  Biz  ynsany  birnäçe  muşakgatlyklara,
                «Beled»  süresi  Mekgede  inen  sürelerden  bolup,   synaglara   we   kynçylyklara   (duçar
                ol  20  aýatdan  ybaratdyr.  Süräniň  ady  ilkinji   bolmagy) üçin ýaratdyk.
                aýatda  agzalýan  «Beled»  («Şäher»)  sözünden   5. Ol ynsan özüne hiç kimiň güýji ýetmez
                alnandyr. Ol şäher bolsa Mekge şäheridir. Sürede   diýip pikir edýärmi?
                Allanyň ynsanlara beren nygmatlary we gudraty   6.  (Ol)  öwnüp:  «Men  ep-esli  baýlyk
                ýatladylyp, ölümden soňky direliş barada gürrüň   sowdum» (diýer).
                edilýär.                                     7.  Ol  özüni  hiç  kim  görýän  däldir

                   Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-        öýdýärmi?
                        şepagatly) Allanyň ady bilen

                                                                                                 595
   589   590   591   592   593   594   595   596   597   598   599