Page 596 - Kurany Kerim Meali
P. 596
92-nji süre: «Leýl» («Gije»)
«Leýl» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol
21 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda
agzalýan «Gije» manysyndaky «Leýl» sözünden
alnandyr. Bu sürede ynsanyň zähmet çekmegi,
gaýrat-tagalla etmegi, manyly ömür geçirmegi
üçin etmeli işleri, ýagşylaryň we ýamanlaryň
ahyretdäki netijeleri barada aýdylýar.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
şepagatly) Allanyň ady bilen
1. (Tümlügi bilen) gurşap alýan gijä!
2. Ýagtylyk salýan wagty gündize!
3. Erkegi we aýaly ýaradana kasam
bolsun!
4. Elbetde, siziň işleriňiz dürli-dürlüdir.
5, 6, 7. Kim (emlägini Allanyň ýolunda)
sarp etse, günälerden saklansa we iň
gowyny (Allanyň birligini) tassyklasa,
Biz oňa iň aňsady (jenneti) miýesser
ederis.
8, 9, 10. Ýöne kim husyt bolup, özüni
hiç zada mätäç hasaplamasa we ol iň
ýagşy (sözi) ýalan hasaplasa, ony iň kyna
(dowzaha) salarys.
11. (Aşaklygyna) togalanyp (dowzaha
düşen) wagty mal-mülküniň oňa peýdasy
degmez.
12. Dogry ýoly görkezmek, elbetde, Biziň
işimizdir. 93-nji süre: «Zuha» («Guşluk»)
13. Ahyret ýaly, dünýä hem, elbetde, Bize
degişlidir. «Zuha» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol
14. Ine, Men size alaw saçýan bir oduň 11 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda
bardygyny duýdurýaryn. agzalýan we guşluk wagtyny aňladýan «Zuha»
15, 16. Ol (oda dini) ýalan hasaplap, sözünden alnandyr. Bu süre pygamberimiz
ýüzüni öwren betbagt günäkärden başgasy Muhammet aleýhissalama Allanyň beren
girmez. nygmatlary we şükür etmek baradadyr.
17, 18. (Emma Alla özüne) garşy
gelmekden gorkany we (özüni günälerden) Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
saplamak üçin (Allanyň ýolunda) emlägini şepagatly) Allanyň ady bilen
sarp edeni ondan daş saklar. 1, 2. Guşluk wagtyna, ümsümlige giren
19. Ol (kişi) beren zadyny özüne edilen wagty gijä kasam bolsun!
bir ýagşylygyň öwezi hökmünde bermez. 3. Seniň Perwerdigäriň seni terk etmedi
(Bereni sebäpli, hiç kimden sylaga hem we saňa gaharlanmady.
garaşmaz).
20. (Ol beren zadyny) diňe beýik Düşündiriş: Pygamberligiň başlangyç
Perwerdigärini razy etmek üçin berer. döwürlerinde az wagtlyk wahyý kesilýär. Kapyrlar
21. Özi hem ahyretde, elbetde hoşnut hem bu ýagdaýdan peýdalanyp: «Perwerdigäriň
bolar. seni terk etdi, taşlady» diýip, oňa gyjalat berýärler.
Bu sözler pygambere örän ýokuş degipdir.
Netijede, bu aýat inipdir.
597

