Page 588 - Kurany Kerim Meali
P. 588
83-nji süre: «Mutaffifin»
(«Kem çekýänler»)
«Mutaffifin» süresi Mekgede inen sürelerden
bolup, ol 36 aýatdan ybaratdyr. Adyny ilkinji
aýatdan alandyr. Bu sürede işlerini dogry-dürs
berjaý etmeýänleriň, terezide kem çekýänleriň
geljekki erbet ykballary, dogruçyl ynsanlaryň
bolsa ähmiýetleri we olara beriljek sylaglar barada
aýdylýar.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
şepagatly) Allanyň ady bilen
1. (Hilegärlik edip) kem çekýänleriň waý
halyna!
2. Olar ynsanlardan (bir zat) ölçäp
alanlarynda, haklaryny (ölçeglerini) doly
alýarlar.
3. (Emma) özleri başgalara ölçäp
berenlerinde welin, kem çekýärler, (hile
edýärler).
4, 5, 6. Olar uly (aýylganç) günde, (ähli)
ynsanlaryň älemleriň Perwerdigäriniň
huzurynda durjak günlerinde, özleriniň
direldilip, (jemlenjekdikleri) barada
oýlanmaýarmykalar?
7. Ýok! (Siz mekirlige baş urmaň, ahyreti
inkär etmäň!) Dogrusy, ýoldan azan
pasyklaryň hasap depderi Sijjindedir.
8. Sen Sijjiniň nämedigini nädip biljek?
9. (Sijjin kapyrlaryň eden işleri) bellige
alynýan kitapdyr.
10. Ol gün (hakykaty inkär eden) 19. Sen Yllyýýynyň nämedigini nädip
ýalançylaryň waý halyna! biljek?
11. Olar dini (kyýamat) gününi ýalan 20. (Yllyýýyn möminleriň eden işleri)
hasaplaýarlar. ýazylan depderdir.
12. Ony diňe hetden aşan, günäkär (kişi) 21. (Alla) ýakyn bolanlar oňa şaýat
ýalan hasaplar. bolarlar.
13. Oňa Biziň aýatlarymyz okalan wagty: 22. Elbetde, ýagşy (haýyrly) ynsanlar ol
«(Bular) öňküleriň (aýdan) ertekileri» «Nagym» jennetlerindedir.
diýer. 23. Olar tagtlaryň üstünde (oturyp daş-
14. Ýok! Olar eden etmişleri zerarly töwerege şadyýan) serederler.
kalplary gubar tutan kişilerdir. 24. (Sen olara seredeniňde) ýüzlerinde
15. Ýok! (Bu jezasyz galmaz!) Olar ol gün jennet nygmatlaryndan peýdalananlaryň
özleriniň Perwerdigärini (görmekden) şatlygyny görersiň.
mahrum galarlar. 25. Olara (gabynyň agzy möhürli) arassa
16. Yzyndan hem olar hökman dowzaha meý-şerbet çüýşelerinden içirerler.
girerler. 26. (Ol meý-şerbetleriň) soňy müşkdür!
17. Soň olara: «Ine, siziň ýalan hasaplan Ine, ýaryşjak bolsalar (ynsanlar bu jennet
(inkär eden) zadyňyz (azabyňyz)!» diýler. döwletine) ýetmek üçin ýaryşsynlar!
18. Emma haýyrly ynsanlaryň kitaplary
(hasap depderleri) Yllyýýyndadyr.
589

