Page 541 - Kurany Kerim Meali
P. 541
27. Soň bularyň yzyndan birnäçe
pygamberlerimizi iberdik. Merýem ogly
Isany hem olaryň yzlaryndan iberdik.
Oňa Injili berdik we oňa uýanlaryň
kalplarynda mähir we merhemet
(duýgularyny) ýerleşdirdik. Toslan
ruhbanlyklaryny bolsa, olara Biz emir
etmedik (öwretmedik). Emma muny
Allanyň razylygyny gözlemek üçin
olaryň özleri oýlap tapdylar (niýetleri
Alla razylygy bolsa-da, dinde ýok zady
tosladylar). Özleri-de ony doly berjaý
hem etmediler. Biz (hem) olardan iman
getirenlere sylaglaryny berdik. Olaryň
köpüsi dogry (ýoldan çykan) pasyklardyr.
Düşündiriş: Ruhbanlyk (monahlyk) nasranylaryň
oýlap tapan zady bolup, özlerini ruhban,
monah, ruhany hasaplaýanlar öýlenmän, dünýä
nygmatlaryndan ýüz öwrüp, ýalňyzlykda
ýaşapdyrlar. Bu yslama we Allanyň ýoluna ters
hasaplanylýar.
28. Eý, iman getirenler! Alladan gorkuň
hem-de Onuň ilçisine iman getiriň! Ol
(Alla) size Öz rahmet (hazynasyndan) iki
esseläp eçiler we size ýörejek (ýoluňyzy
25. Takyk, Biz pygamberlerimizi äşgär ýagtyldýan) bir nur berer hem-de sizi
deliller bilen iberdik we ynsanlaryň bagyşlar. Çünki Alla Bagyşlaýjydyr,
adalaty saklamaklary üçin (pygamberler) Rehim-şepagatlydyr.
bilen birlikde kitap we (adalat) terezisini
iberdik. Özünde uly bir güýç we 29. (Goý), ähli-kitap Allanyň pazly-
ynsanlara birnäçe peýdasy bolan demri kereminden hiç bir zada güýç ýetirip
hem (ynsanlaryň peýdalanmaklary) (eýe çykyp) bilmejekdiklerini,
üçin inderdik. Bu Allanyň dinine we pazly-keremiň Allanyň elindedigini
pygamberlerine gaýyba ynanyp (ýagny, (gudratyndadygyny) we ony islänine
Allany gözleri bilen görmeseler-de), berýändigini bilip goýsunlar! Alla uly
kömek edenleri (ýüze çykarmagy) pazly-kerem eýesidir!
üçindir. Takyk, Alla Kuwwatlydyr,
Gudraty güýçlüdir.
26. Elbetde, Biz Nuhy we Ybraýymy
pygamber edip iberdik. Olaryň
zürýatlaryna hem pygamberlik we
kitap berdik. Olardan käbiri dogry ýoly
tapsalar-da, olaryň köpüsi (ýoldan çykan)
pasyklardyr.
542

