Page 516 - Kurany Kerim Meali
P. 516
5. Eger olar, sen ýanlaryna çykýançaň,
sabyr etselerdi, elbetde, özleri üçin
haýyrly bolardy. Alla Bagyşlaýjydyr,
Rehim-şepagatlydyr.
6. Eý, iman getirenler! Eger size bir
bozgak (pasyk) adam bir habar getirse,
(birdenkä) käbirine zyýan ýetirip, soň
bu etmişiňize ökünmez ýaly, ol (habaryň
aňyrsyny) soraşdyryp görüň!
7. (Eý, möminler!) Bilip goýuň! Takyk,
siziň araňyzda Allanyň ilçisi bar. Eger ol
köp işde (meselede) size tabyn bolsady,
siz kynçylyga sezewar bolardyňyz.
Emma, Alla size imany söýdürdi hem-de
ony ýürekleriňizde (has-da) gözelleşdirdi.
Size küpüri, pasyklygy we asylygy (Haka
tabynsyzlygy) ýigrendirdi. Ine, (bu hili 10. Takyk, möminler (biri-birleri bilen)
häsiýetdäkiler), olar dogry ýoldakylaryň dogandyrlar. Bes, siz öz doganlaryňyzyň
hut özleridir. arasyny düzediň! Merhemet edilmegiňiz
üçin Alladan gorkuň!
8. (Bu) Alla tarapyndan bir pazly-kerem
we nygmatdyr. Alla (ähli zady) bilýändir, 11. Eý, iman getirenler! (Sizden)
hikmet eýesidir. hiç bir topar beýleki bir topary
ýaňsylamasyn! Belki, ýaňsylanýan
9. Eger möminlerden iki topar biri-birleri topar ýaňsylaýanlardan has haýyrlydyr.
bilen söweşse, bes, siz olaryň arasyny Aýallar hem başga aýallary
düzediň! Eger olaryň biri beýlekisine (ýaňsylamasynlar)! Belki, ýaňsylanýan
hüjüm etse, ol hüjüm edenler bilen, aýallar ýaňsylaýanlardan has haýyrlydyr.
tä Allanyň emrine dönýänçäler, siz Özleriňizi (biri-birleriňizi) ýazgarmaň!
hem söweşiň! Eger (Allanyň emrine) Biri-birleriňize (erbet) lakamlar dakmaň!
dönseler, olaryň arasyny adalat bilen Iman getireniňden soň, erbet at (dakmak)
düzediň! Adalatly boluň! Takyk, Alla nähili erbetdir. Kim toba etmese, olar
adalatly bolanlary söýýändir. zalymlaryň hut özleridir.
517

