Page 520 - Kurany Kerim Meali
P. 520
36. Biz öň tutmakda bulardan has güýçli
bolan, şäherme-şäher gezip, (gaçara)
deşik gözlän, ençeme nesilleri heläk
etdik. (Mundan) halas boluş barmy?
37. Takyk, munda kalby (akly) bolan ýa-
da şaýat bolup, üns bilen diňleýän üçin
öwüt bardyr.
38. Kasam bolsun! Biz asmanlary, ýeri
we bu ikisiniň arasyndaky (ähli) zatlary
alty günde ýaratdyk. Bize (hiç hili)
ýadawlyk degmedi.
39. (Eý, Muhammet!) Sen olaryň aýdýan
zatlaryna sabyr et! Günüň dogýan we
ýaşýan wagtyndan öň Perwerdigäriňi
hamdy-sena bilen tesbih et!
40. Gijäniň bir çagynda, seždeleriň
yzyndan Ony (Allany) tesbih et!
41. Çagyryjynyň (Ysrapylyň) ýakyn
ýerden seslenjek (sura üflejek) gününe
gulak sal!
42. Ol gün (ähli ynsanlar) hakykat bolan
bu sesi (doly) eşiderler! Bu (mazardan)
çykyş (direliş) günüdir.
43. Takyk, Biz direldýäris, öldürýäris.!
Gaýdyp geliş Bizedir!
44. Ol gün ýer ýarylar, (ynsanlar) çaltlyk
bilen (magşar meýdanyna tarap ylgarlar).
Bu (magşara) jemlemek Bize aňsatdyr.
45. Biz olaryň aýdýan zatlaryny örän barada hem-de yns-jynsyň Alla ybadat etmek
gowy bilýäris. Emma sen olary (güýç üçin ýaradylandyklary barada aýdylýar.
ulanyp imana getirjek) zabun dälsiň, (sen
diňe duýduryjy ilçisiň). Bes, sen (Meniň) Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
duýduryşymdan gorkýanlara Kuran bilen şepagatly) Allanyň ady bilen
öwüt ber!
1. Ol tozadyp, (guma) garyp barýan
ýellere!
2. (Ýagyş) ýüklenen bulutlara!
3. Aňsat akýan (ýagyş damjalaryna)!
51-nji süre: «Zäriýät» («Ýeller») 4. Buýruklary (rysgallary, ýagyşlary)
paýlaýan (perişdelere) kasam bolsun!
«Zäriýät» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, 5. Size wada berlen (direliş), elbetde
ol 60 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady «Ýeller» dogrudyr.
diýen manyny aňladýan «Zäriýät» sözünden 6. Takyk, din (jeza güni) hökman amala
alnandyr. Ol söz süräniň ilkinji aýatynda agzalýar. aşar.
Bu sürede älem-jahanda bolup geçýän käbir
ägirt tebigy hadysalar, olara jogapkär perişdeler
521

