Page 320 - Kurany Kerim Meali
P. 320

114.  Hakyky  Hökümdar  bolan  Alla,
                nähili  beýikdir!  Kuran  saňa  wahyý
                edilip  bolýança  sen  ony  okamaga
                howlukma-da:  «Eý,  Perwerdigärim!
                Meniň ylmymy artdyr!» diý.


                115. Takyk, Biz mundan öň Adam (ata)
                hem  tabşyryk  beripdik,  ol  hem  ony
                unudypdy. Biz onda (ylahy buýruklary
                berk      saklamakda)      tutanýerlilik
                görmedik.

                116.  Biz  perişdelere:  «Adama  sežde
                ediň!»  diýenimizde  olaryň  Iblisden
                galany derrew sežde etdiler. (Emma) ol
                (Iblis) boýun towlady.


                117.  Şonda  Biz:  «Eý,  Adam!  Ine,  şu
                (Iblis)  saňa  hem,  ýanýoldaşyňa  hem
                duşmandyr.  Ägä  bol!  Ol  ikiňizi  hem
                jennetden  çykaraýmasyn,  soň  jepa
                çekersiň, betbagt bolarsyň.


                118. Takyk, sen onuň (jennetiň) içinde
                aç-da, ýalaňaç-da galmarsyň.


                119. Takyk, sen ol ýerde suwsamarsyň,
                Güne-de ýanmarsyň» diýdik.                   dogry ýola gönükdirdi.


                120.  Şeýtan  oňa:  «Eý,  Adam!  Saňa        123. Alla: «Ikiňiz hem birlikde (şeýtana)
                bakylyk  agajyny  we  hiç  dargamajak        duşman  bolup,  jennetden  çykyň!
                hökmürowanlygy         gözkezeýinmi?»        Menden  size  bir  dogry  ýol  (hidaýat)
                diýip was-wasy saldy.                        gelende,  oňa  eýeren  kişi  ýoluny  hem
                                                             ýitirmez, betbagt hem bolmaz.
                121.  Netijede,  Adam  we  ýanýoldaşy
                (How  ene)  bu  agaçdan  iýdiler,  olaryň    124. Kim meni ýatlamakdan (Kurandan,
                uýat ýerleri göründi. Olar haýal etmän       dinden)  ýüz  öwürse,  onuň  üçin  (bu
                jennetiň ýapraklary bilen uýat ýerlerini     dünýäde)  kynçylykly  durmuş  bardyr.
                örtmäge başladylar. (Ine, şeýdip), Adam      Kyýamat  gününde  hem  ony  kör  halda
                Perwerdigärine  boýun  bolman,  ýoluny       direlderis» diýdi.
                ýitirdi.
                                                             125.  Şonda  ol:  «Eý,  Perwerdigärim!
                122.  Soň  Perwerdigäri  ony  saýlady        Aslynda,  men  öň  görýän  hem  bolsam,
                (özüne  ýakyn  bendeleriň  hataryna          meni  näme  üçin  kör  halda  direltdiň»
                goşdy),  onuň  tobasyny  kabul  etdi  we     diýer.


                                                                                                 321
   315   316   317   318   319   320   321   322   323   324   325