Page 315 - Kurany Kerim Meali
        P. 315
     gezek ondan çykararys.
                                                      56.  Biz  oňa  (Fyrgawna  Allanyň
                                                      gudratyny        görkezýän)        ähli
                                                      alamatlarymyzy  görkezdik,  şonda-da
                                                      ol (olary) ýalan hasaplady we (Hakdan)
                                                      boýun towlady.
                                                      57. Ol: «Ey, Musa! Sen öz jadyň bilen
                                                      bizi  ýurdumyzdan  çykarmak  üçin
                                                      geldiňmi?
                                                      58.  Biz  hem,  takyk,  seniňki  ýaly  jady
                                                      görkezeris.  Sen,  özüň  bilen  biziň
                                                      aramyzda,  amatly  ýer  we  wagt  belle.
                                                      Biziň  ikimiz  hem  (şol  wagtdan)
                                                      dänmäli» diýdi.
                                                      59. Musa: «Duşuşjak wagtymyz baýram
                                                      gününde     ynsanlaryň    ýygnanyşýan
                                                      guşluk çagydyr» diýdi.
                                                      60.  Fyrgawn  yzyna  öwrülip  gitdi  we
                                                      hilelerini (jadygöýlerini) jemläp, (wada
                                                      edilen ýere) geldi.
                                                      61. Musa olara: «Haýp siziň halyňyza!
                                                      Allanyň  şanyna  ýalan  ýöňkemäň!  Ol
          52.  Musa:  «Bu  baradaky  maglumat         (Alla)  azap  bilen  siziň  köküňizi  keser.
          Perwerdigärimiň ýanyndaky kitapdadyr.       Töhmet  atýan  adam,  takyk,  perişan
          Meniň Perwerdigärim bulaşdyrmaz we          bolar» diýdi.
          unutmaz» diýdi.
                                                      62.  Ol  jadygöýler  etjek  işlerini  öz
          53.  Ol  siziň  üçin  ýeri  sallançak  edip,   aralarynda  çekeleşdiler  we  gizlin
          onda (ýeriň ýüzünde) size ýollar açandyr    pyşyrdaşdylar.
          we  asmandan  suw  inderendir.  Ol  suw
          bilen biz dürli ösümliklerden jübüt edip    63.  Olar:  «Ine,  şu  ikisi  jadylary  bilen
          bitirdik.                                   sizi  ýurduňyzdan  çykarmak  we  siziň
                                                      nusgalyk  ýoluňyzy  ýok  etmek  isleýän
          54. Iýiň we mallaryňyzy otladyň! Takyk,     jadygöýlerdir.
          munda  pähimli  bolanlara  (Allanyň
          gudratyny görkezýän) alamatlar bardyr.      64. Şonuň üçin hileleriňizi jemläň, soň
                                                      sap-sap bolup geliň! Bu gün üstün çykan
          55.  Sizi  ondan  (toprakdan)  ýaratdyk,    rowaçlyk gazanar» diýişdiler.
          şol ýere hem gaýtararys we ýene-de bir
                                                                                        316
     	
