Page 319 - Kurany Kerim Meali
P. 319

104.  Içlerinden  iň  akyllyragy:  «Ýok,
                                                      bir  gün  ýaşadyňyz»  diýer.  Şonda
                                                      olaryň aýdýan zatlaryny iň gowy bilýän
                                                      Bizdiris!

                                                      Düşündiriş:  Bu  aýatda  ahyretiň  ebediliginiň
                                                      ýanynda  dünýäde  geçirilen  ömrüň  örän
                                                      gysgadygy düşündirilýär.

                                                      105.  (Eý,  Muhammet!)  Senden  daglar
                                                      barada  sorarlar.  Sen  olara  şeýle  jogap
                                                      ber: «Olary Perwerdigärim weýran eder.

                                                      106. Şeýdip, olary tep-tekiz halda goýar.

                                                      107.  Sen  ol  ýerde  ne-hä  çukur,  ne-de
                                                      tümmek görersiň.


                                                      108. Ol gün her kim çakylykça (magşar
                                                      meýdanyna  çagyrýan  perişdä)  eýerer,
                                                      oňa  hiç  hili  burulmak,  (başga  ýaňa
                                                      gyşarmak)  ýokdur.  Rahman  (Alla)
                                                      sebäpli,     sesler    pessaýlaşýandyr.
                                                      Pyşyrdydan başga zat eşitmersiň.

                                                      109.  Ol  gün  Rahmanyň  (Allanyň)
                                                      rugsat bereninden we razy bolanyndan
                                                      başgasyna şepagat peýda bermez.

                                                      110.    Alla   olaryň   geljeklerini-de,
          99. (Eý, Muhammet!) Ine, şunlukda saňa      geçmişlerini-de bilýändir. Olaryň ylmy
          öň  bolup  geçen  zatlaryň  habarlaryny     bolsa Ony doly bilmeklige ýetmez.
          gürrüň  berýäris.  Saňa  huzurymyzdan
          Zikir (Kuran) hem berdik.                   111. (Ol gün) ýüzler (ynsanlar) baky diri

                                                      we baky aýakda durýana (Alla) boýun
          100. Eger kim ondan ýüz öwürse, takyk,      bolar.  (Kim Alla  şärik  goşmak  arkaly)
          oňa  kyýamat  güni  agyr  ýük  (günä)       zulum göterip gelen bolsa işi gaýdar.
          ýüklener.
                                                      112.  Kim  imanly  haldahaýyrly  işler
          101.  Olar  bu  ýüküň  aşagynda  ebedi      etse,  ol  indi  özüne  adalatsyzlyk
          galarlar.  Kyýamat  güni  olar  üçin  bu    edilmeginden hem, haýyr-sogaplarynyň
          nähili agyr ýükdür.                         kemelmeginden hem gorkmaz».

          102. Ol gün sura üflener, şol wagt Biz      113.  Şeýle-de  Biz  olar  (Allanyň
          günäkärleri  (gorkudan  ýaňa)  göm-gök      azabyndan)  gorksunlar  ýa-da  wagyz-
          bolan ýagdaýda magşarda jemläris.           nesihatdan     peýdalansynlar     diýip,
                                                      Kurany arapça inderdik we onuň içinde
          103. Olar: «Biz (dünýäde) diňe on gün       duýduryşlary öwran-öwran beýan etdik.
          ýaşadyk» diýip, özara pyşyrdaşarlar.

                                                                                        320
   314   315   316   317   318   319   320   321   322   323   324