Page 316 - Kurany Kerim Meali
        P. 316
     65.  Olar:  «Eý,  Musa!  (Hasaňy)  ýa
                sen  (ilki)  oklarmyň  ýa-da  biz  ilki
                oklalymy?» diýdiler.
                66. Musa: «Ýok, siz oklaň» diýdi. Bir
                görse, olaryň ýüpleri we hasalary eden
                jadylarynyň  täsiri  bilen  göýä  hereket
                edýän ýaly bolup göründi.
                67.    (Olaryň     görkezen    jadylary
                Musanyňka  meňzeş  bolansoň,  adamlar
                ynanmaz öýdüp), birden Musanyň içine
                gorky düşdi.
                68. Biz: «Gorkma! Üstün çykjak, takyk,
                sensiň!
                69.  Sag  eliňdäkini  (hasaňy)  okla.  Ol
                olaryň  eden  jadylaryny  ýuwutsyn.
                Olaryň  eden  zatlary  jadygöýleriň  hile-
                piriminden ybaratdyr. Jadygöý bolsa hiç
                ýerde rowaçlyk gazanmaz» diýdik.
                Düşündiriş: Musa pygamber özüne Alladan gelen
                emre  eýerip,  elindäki  hasasyny  ýere  oklaýar.
                Allatagalanyň  gudraty  bilen  aždarha  öwrülen
                hasa Fyrgawnyň jadygöýleriniň jadyly ýüplerini
                we taýaklaryny ýuwudýar.
                70. Jadygöýler seždä gidip: «Harunyň we
                Musanyň Perwerdigärine iman getirdik»
                diýdiler.                                    73. Biz Perwerdigärimize hatalarymyzy
                                                             we     seniň   bize    zorlap    etdiren
                71.  Fyrgawn:  «Meniň  size  rugsat          jadygöýliklerimizi  bagyşlamagy  üçin
                bermegimden öň, siz oňa ynandyňyzmy?         iman  getirdik.  Alla  has  haýyrly  we
                Takyk,  ol  size  jadygöýligi  öwreden       bakydyr» diýdiler.
                ussadyňyzdyr.     Men     ikirjiňlenmän,
                siziň  elleriňizi  we  aýaklaryňyzy  tersine   74.  Kim  Perwerdigärine  günäkär  bolup
                (atanaklaýyn)  keserin  we  sizi  hurma      gelse, takyk, dowzah onuň üçindir. Ol şol
                agaçlaryndan  asaryn.  Şonda  kimiň          ýerde ne-hä öler, ne-de ýaşar.
                azabynyň  has  ýowuzdygyny  we  has
                dowamlydygyny bilersiňiz» diýdi.             75.  Kim  Perwerdigäriniň  razylygy  üçin
                                                             ýagşy işleri edip, mömin bolup gelse, iň
                72.  Jadygöýler:  «Biz  seni  hiç  haçan     belent derejeler onuň üçindir.
                özümize  gelen  aýdyň  gudratlardan  we
                bizi  ýokdan  bar  edenden  ileri  tutup     76.  Olar  şol  ýerde,  aşagyndan  derýalar
                bilmeris. Sen näme höküm berýän bolsaň       akýan «Adn» jennetlerinde ebedi galarlar.
                beriber.  Çünki  sen  diňe  bu  dünýäde      Ine,  bu-da  (günäden)  saplananlaryň
                höküm berip bilersiň.                        sylagydyr.
                                                                                                  317
     	
