Page 318 - Kurany Kerim Meali
        P. 318
     88.  Soň  (Samyry  bu  şaý-sepleri  otda
                eredip,  ondan)  olar  üçin  molaýan  bir
                göläniň  heýkelini  ýasady  we  olara:
                «Bu siziň hem-de Musanyň hudaýydyr.
                Ýöne  Musa  ony  unutdy  (taşlap  gitdi.
                Ol  hudaýyny  Tur  dagyndan  gözleýär)»
                diýdi.
                89. Onuň (göle heýkeliniň) özlerine söz
                gaýtaryp bilmeýändigini we olara zyýan
                ýa-da  peýda  ýetirip  bilmeýändigini
                görmeýärlermi?
                90. Mundan öň Harun hem olara: «Eý,
                kowumym!  Siz  bu  heýkel  bilen  synag
                edildiňiz, siziň Perwerdigäriňiz Rahman
                (Alladyr)!  Maňa  eýeriň  we  buýrugyma
                gulak asyň» diýipdi.
                91. Şonda olar: «Biz, tä Musa ýanymyza
                gaýdyp  gelýänçä,  muňa  ybadat  ederis»
                diýdiler.
                92.  (Gaýdyp  gelensoň)  Musa:  «Eý,
                Harun!  Sen  olaryň  ýoldan  çykanyny
                göreniňde seni näme saklady?                 97.  Musa  oňa:  «Güm  bol!  Indi  sen
                                                             ömürboýy: «(Maňa) degmek ýok» diýip
                93. Näme üçin maňa eýermediň? Emrime         (zeýrenip)  geçersiň  we  seniň  hiç  haçan
                garşy geldiňmi?» diýdi.                      bozup  bilmejek  bellenilen  duşuşygyň
                                                             (jezaň)  hem  bar.  Seniň  ybadat  eden
                                                             hudaýyňa  bir  seret,  takyk,  biz  ony
                94.    Harun:    «Eý,   ejemiň    ogly!      ýakarys,  soň  çym-pytrak  edip  deňze
                Sakgalymdan,  saçymdan  çekme!  Men
                seniň:  «Meniň  aýdyşym  ýaly  etmän,        atarys.
                ysraýyl  ogullarynyň  arasyna  agzalalyk     Düşündiriş:  Rowaýat  edilmegine  görä,  hezreti
                saldyň» diýmegiňden gorkdum» diýdi.          Musanyň: «Indi sen ömürboýy: «Maňa degmek
                                                             ýok»  diýip  geçersiň»  diýen  gargyşyndan  soň,
                95.  Musa:  «Seniň  maksadyň  näme,  eý,     Samyry ýokanç kesele duçar bolupdyr we bütin
                                                             ömrüne adamlardan üzňelikde ýaşamaga mejbur
                Samyry?» diýdi.                              bolupdyr.
                96. Samyry: «Men olaryň görmediklerini       98.  Siziň  (hakyky)  hudaýymyz  diňe,
                gördüm, (bir gezek seniň ýanyňa gelen)       özünden  başga  (ybadata  laýyk)  hudaý
                ilçiniň (Jebraýyl perişdäniň atynyň aýak)    bolmadyk Alladyr. Onuň ylmy ähli zady
                yzyndan  bir  gysym  toprak  aldym,  ony     gurşap alandyr» diýdi.
                hem (heýkeliň içine) taşladym. Nebsim
                meni, şeýdip, azdyrdy» diýdi.
                                                                                                  319
     	
