Page 264 - Kurany Kerim Meali
P. 264

31.  Diňe  Iblis  (sežde  etmedi.  Ol)  sežde
               edenler bilen bolmagy kabul etmedi.


               32. (Şonda Alla): «Eý, Iblis, näme üçin sen
               sežde  edenler  bilen  bile  bolmaýarsyň?»
               diýdi.


               33.  (Iblis):  «Men  guran,  durup  garalan,
               şekil  berlen  palçykdan  ýaradan  ynsanyňa
               sežde etmerin» diýdi.

               34.  (Alla):  «Ol  ýerden  (jennetden  we
               perişdeleriň  arasyndan)  çyk!  Takyk,  sen
               kowuldyň.

               35. Takyk, tä jeza (kyýamat) gününe çenli
               saňa nälet bolar» diýdi.

               36.  (Iblis):  «Eý,  Perwerdigärim,  onda
               maňa (ynsanlaryň) direldiljek gününe çenli
               möhlet ber!» diýdi.

               37,  38.  (Alla):  «Sen  mälim  (kyýamat)
               gününe çenli möhlet berlenlerdensiň» diýdi.

               39. (Iblis): «Perwerdigärim, meni azdyranyň
               sebäpli, elbetde, olara ýerdäki (günä işleri)
               gözel  edip  görkezerin  hem-de  hökman
               olaryň ählisini azdyraryn.


               40.  Diňe  olardan  yhlasly  bendeleriňi     46.  (Takwalara)  «Oňa  salamatlyk  bilen
               (azdyryp bilmerin)» diýdi.                   aman-esen halda giriň!» (diýler).

               41. (Alla): «Ine, Maňa (gelýän) dogry ýol    47.  Biz  (jennetde)  olaryň  köňüllerindäki
               şudur.                                       kinäni  sogrup  çykardyk.  (Olar)  dogan-
                                                            gardaş bolup, tagtlaryň üstünde ýüzbe-ýüz

               42. Takyk, saňa Meniň yhlasly bendelerimiň   (oturarlar).
               üstünden  hökmürowanlyk  etmek  ýokdur.
               Diňe azgynlardan saňa tabyn bolan kişilere   48.  Olara  ol  ýerde  (jennetde  hiç-hili)
               (hökmürowanlyk edip azdyryp bilersiň).       argynlyk  ilteşmez  hem-de  olar  ol  ýerden
                                                            çykarylmazlar.
               43.  Takyk,  dowzah  olaryň  (azaşanlaryň)
               ählisine wada berlen ýerdir.                 49.  (Eý,  Muhammet!)  Sen  bendelerime
                                                            habar  ber,  takyk  Men  Bagyşlaýjydyryn,
               44. Onuň (dowzahyň) ýedi gapysy bardyr.      Rehim-şepagatlydyryn.
               Her  gapy  üçin  olardan  (günälerine  görä)
               bölünen bir topar bardyr» diýdi.             50. Azabym bolsa örän yza beriji azapdyr.


               45.  Takyk,  takwalar  jennetlerde,  çeşme   51.  Olara  Ybraýymyň  myhmanyndan
               başlarynda bolarlar.                         (perişdelerden) habar ber!

                                                                                                 265
   259   260   261   262   263   264   265   266   267   268   269