Page 263 - Kurany Kerim Meali
        P. 263
     20.  Ol  ýerde  siziň  üçin  we  rysgalyny
                                                      berip  bilmeýän  kişiňiz  üçin  ýaşaýyş
                                                      (mümkinçiligini) döretdik.
                                                      21.  Hazynalary  Biziň  ýanymyzda
                                                      bolmaýan  hiç  bir  zat  ýokdur.  Biz  ony
                                                      diňe mälim mukdarda inderýäris.
                                                      22.  Biz  ýelleri  tohumlandyrýan  edip
                                                      iberdik.  Asmandan  suw  inderdik.  Sizi
                                                      onuň bilen suwardyk. Siz ony (suwy) bir
                                                      ýere üýşüriji dälsiňiz.
                                                      23.  Takyk,  direldýänem,  öldürýänem
                                                      Bizdiris!  (Hakyky)  mirasçylar  hem
                                                      Bizdiris! (Ýagny ähli zadyň eýesi hem-
                                                      de ebedi galjak Bizdiris).
                                                      24.  Kasam  bolsun!  Biz  sizden  öňki
                                                      öten-geçenleri  hem  bilýändiris,  soňky
                                                      geljekleri hem bilýändiris.
                                                      25.  Takyk,  seniň  Perwerdigäriň  Oldur
                                                      (Alladyr.  Kyýamat  güni)  olary  jemlär.
                                                      Takyk,  Ol  hikmet  eýesidir,  ähli  zady
                                                      bilýändir.
          16.  Kasam  bolsun!  Biz  asmanda           26.  Kasam  bolsun!  Biz  ynsany  guran
          burçlar  (ýyldyzlar  toparyny)  döretdik    palçykdan,  durup  garalan,  şekil  berlen
          we ony (asmany) nazar eýleýänler üçin       palçykdan ýaratdyk.
          (ýyldyzlar bilen) bezedik.
                                                      27.  Jyny  bolsa  (ynsandan  has)  öň
          17.  Biz  olary  daşlanan  (Allanyň         (bedeniň  öýjüklerinden  syzyp)  geçýän
          rahmetinden  kowlan)  her  bir  şeýtandan   gowrujy otdan ýaratdyk.
          goradyk.
                                                      28,  29.  Bir  wagt  Perwerdigäriň
          18.  Emma  (şeýtanlardan-jynlardan)  biri   perişdelere: «Men guran, durup garalan,
          (asmandaky  habarlara)  ogrynça  gulak      şekil  berlen  palçykdan  adam  ýaratjak.
          gabartsa, şolbada ony parlak alaw yzarlar   Oňa    şekil-surat   berip,   (bedenine)
          (we heläk eder).                            ruhumdan üflänimde, şolbada onuň üçin
                                                      sežde ediň!» diýdi.
          19. Biz ýeri hem (giňden) ýaýdyk, onda
          sarsmaz daglary ornaşdyrdyk we ol ýerde     30.  Şolbada,  perişdeleriň  ählisi  jem
          ölçegli  her  dürli  zatlary  (ösümlikleri)   bolup, sežde etdiler.
          ösdürip ýetişdirdik.
                                                                                        264





