Page 262 - Kurany Kerim Meali
P. 262

15-nji süre: Hyjr

                «Hyjr»  süresi  Mekgede  inen  sürelerden  bolup,
                ol  99  aýatdan  ybaratdyr.  Bu  süräniň  80-84-nji
                aýatlarynda  hyjr  halky  barada  habar  berlendigi
                üçin  bu  sürä  «Hyjr»  diýip  at  berlipdir.  Sürede
                esasan hem, pygamberlerden Adam, Lut, Şugaýyp
                we Salyh aleýhissalam dagynyň kyssalary beýan
                edilýär. Şeýle hem bu sürede möminlere ahyretde
                bagtly ýaşaýşyň garaşýandygy, kapyrlaryň bolsa
                ezýet çekjekdikleri barada habar berilýär.

                  Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
                       şepagatly) Allanyň ady bilen

                1. Elif, Läm, Ra. Bular (ylahy) kitabyň
                we äşgär Kuranyň aýatlarydyr.

                2.  Wagty  gelende,  inkär  eden  kişiler:
                «Käşgä,  musulman  bolsadyk»  diýip
                arzuw ederler.

                3. Goý, olara degme, iýsinler, (dünýäniň
                eşretinden)    peýdalansynlar,     olary
                arzuw-hyýallary  gümra  etsin.  (Olar  bu
                etmişleriniň görgüsini), ine, tiz bilerler.


                4.  Biz  hiç  bir  ýurdy  (milleti)  heläk
                etmedik.  Diňe  onuň  üçin  mälim  ýazgy
                (bellenilip  goýlan  wagt  gelenden  soň
                heläk etdik).
                                                             (pygamberler) iberdik.
                5.  Hiç  bir  ymmat  ajalyny  öňe  süýşürip
                hem bilmez, gijikdirip hem bilmez.           11.    Olara    her    bir    pygamber
                                                             gelende    (iberilende),   dessine   ony
                6.  (Kapyrlar  Muhammede):  «Eý,  özüne      masgaralaýardylar.
                Zikir (Kuran) inderilen kişi. Takyk, sen
                mejnunsyň.                                   12. Ine, şeýdip, ony (pygamberi ýaňsylap
                                                             günäkär bolmagy) günäkärleriň kalbyna
                7.  Eger  dogruçyllardan  bolsaň,  bize      guýarys.
                perişdeleri getir-dä?» diýdiler.
                                                             13.  Owalkylaryň  ýörelgesi  (ters  bolup,
                8. Biz perişdeleri diňe hak (we hikmet)      heläkçilik  bilen)  geçen  hem  bolsa,
                bilen  inderýäris.  Şonda  olara  möhlet     (muny bilseler-de, mekgeli kapyrlar) oňa
                berilmez (heläk edilerler).                  (Kurana) ynanmaýarlar.


                9. Takyk, Zikiri (Kurany) Biz inderdik we    14, 15. Eger Biz olara asmandan bir gapy
                onuň goragçylary-da, elbetde, Bizdiris!      açsak,  olar  hem  ol  ýere  çyksalar  (we
                                                             gudratymyzy  görseler,  şonda-da  olar)
                10.  (Eý,  Muhammet!)  Kasam  bolsun!        hökman:  «Gözlerimiz  baglandy,  belki-
                Biz  senden  owalky  toparlara  hem          de, biz jadylandyk» diýerler.


                                                                                                 263
   257   258   259   260   261   262   263   264   265   266   267