Page 584 - Kurany Kerim Meali
P. 584

15.  (Eý,  Muhammet!)  Saňa  Musanyň
                habary geldimi?
                16.  Perwerdigäri  oňa  mübärek  Tuwa
                jülgesinde (şeýle) seslenipdi:
                17.  «Fyrgawnyň  (ýanyna)  git,  sebäbi  ol
                örän azdy.
                18,  19.  Oňa:  «Sen  özüňi  päklemek
                isleýärsiňmi?! Seni Perwerdigäriňe eltýän
                ýola gönükdireýinmi? Bes, (netijede) sen
                hem ondan gorkarsyň» diý.
                20. Şeýdip, oňa iň uly aýaty (mugjyzany)
                görkezdi.
                21.  Emma  (Fyrgawn  Musany)  ýalan
                hasaplady we garşy çykdy.
                22.  Soň  hem  yzyna  öwrülip,  (Musany
                inkär etmek üçin) tagalla baryny görkezdi.
                23.  Soň  (öz  adamlaryny)  ýygnady  we
                olara:
                24. «Men siziň iň uly Perwerdigäriňiz!»
                (diýip) ýüzlendi.
                25.  Alla  ony  (hemmelere  göz  üçin)
                dünýäde we ahyretde azaba sezewar etdi.
                26.  Takyk,  munda  (Alladan)  gorkýanlar
                üçin ybrat bardyr.
                27.  (Eý,  kyýamaty  inkär  edýänler!)  Sizi
                (täzeden) ýaratmak kynmy ýa-da asmany?
                (Alla) ony (asmany) bina eýledi.
                28. Ony (diregsiz) galdyrdy we belli bir
                düzgüne (tertibe) saldy.
                29.  Gijesini  örtüp,  tümlükden  (Gün)      ýeri dowzah bolar.
                çykaryjy  gündizini  (aýdyňlyk  edip         40. (Emma) kim Perwerdigäriniň (öňüne
                goýdy).                                      çykyp)  huzurynda  (hasap  bermekden)
                30.  Ondan  soň  ýeri  düşäp  (ýaşamaga      gorkan  we  nebsiniň  (erbet)  arzuwlaryna
                taýýar görnüşde) goýdy.                      uýmakdan  saklanan  bolsa,  onuň  barjak
                31.  Ondan  suw  we  otluk  (meýdanlary)     ýeri jennetdir.
                çykardy.                                     42.  Senden:  «Haçan  gelip  ýeter?»  diýip
                32. Daglary hem mäkäm ornaşdyrdy.            (kyýamat) sagadyny soraýarlar.
                33.  (Bulary)  siziň  we  mallaryňyzyň       43. Sen ony nireden biljek?
                peýdalanmagy üçin (döretdi).                 44.   Onuň     anyk   wagtyny     (diňe)
                34.  Emma  (hemme  zady  derbi-dagyn         Perwerdigäriň bilýändir.
                edýän) ol äpet hadysa gelen wagtynda!        45.  Sen  diňe  ondan  (kyýamatdan)
                35. Ol gün ynsan nämä tagalla edendigine     gorkýanlara duýduryjysyň.
                göz ýetirer.                                 46. Olar ony (kyýamaty) gören wagtlary
                36. (Şonda) dowzahy görjek kişiler üçin      (dünýäde) diňe bir agşam ýa-da bir säher
                (ol) äşgär görkeziler.                       wagty ýaşandyrys öýderler!
                37, 38, 39. Kim azan we (ahyreti unudyp),
                dünýä lezzetini saýlan bolsa, onuň barjak

                                                                                                 585
   579   580   581   582   583   584   585   586   587   588   589