Page 586 - Kurany Kerim Meali
P. 586

34,  35,  36.  Ine,  ol  gün  ynsan  öz
                doganyndan,  ejesinden,  kakasyndan,
                ýanýoldaşyndan     we    perzentlerinden
                gaçar.
                37. Ol gün olaryň hersiniň öz başlaryndan
                agdyk derdi we gaýgysy bolar.
                38, 39. Ol gün käbir ýüzler nurly, gülküden
                doly we şatlykly bolar!
                40,  41.  Ol  gün  käbir  ýüzleri  bolsa  çaň-
                tozan  basar,  gaýgydan  ýaňa  gap-gara
                bolar!
                42.  Ine,  bular  kapyr  bolup,  günälere
                çümen, hakdan daşlaşan (ynsanlardyr)!




                    81-nji süre: «Tekwir» («Düýrlemek»)

                «Tekwir» süresi Mekgede inen sürelerden bolup,
                ol  29  aýatdan  ybaratdyr.  Süräniň  ady  ilkinji
                aýatda  agzalýan  «Düýrlenen,  saralan,  dolanan»
                manysyndaky  bir  işlikden  alandyr.  Sürede
                ynsanlaryň  ölümden  soň  direlip,  dünýäde  eden
                işleriniň  hasabyny  berjekdikleri  habar  berilýär,
                şeýle-de  Jebraýyl  perişdäniň  mertebesi  barada
                aýdylýar.

                  Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
                        şepagatly) Allanyň ady bilen


                1. Gün düýrülip, gatlanan wagty!
                2. Ýyldyzlar (ýerlerinden) gaçan wagty!
                3. Daglar ýöredilen wagty!                   wagty!
                4.  Botlajak  bolýan  düýeler  (dözüp        13. Jennet golaýlaşdyrylan wagty!
                bolmajak mallar) terk edilen wagty!          14.  Şol  wagt  her  kim  (kyýamat  üçin)
                5. Wagşy haýwanlar (bir ýere üýşürilip)      taýýarlan zadynyň nämedigine göz ýetirer.
                jemlenen wagty!                              15.  Ýok!  Gündiz  siňip  gizlenen
                6.  Deňizler  (alawlanyp),  gaýnadylan       ýyldyzlara!
                wagty!                                       16.  Aýlanyp-aýlanyp  (ýerlerine)  giren
                7. Ruhlar (janlar bedene girip, birleşdirilen)   ýyldyzlara!
                wagty!                                       17. Garaňkylygy yzda goýan gijä!
                8, 9. Diriligine gömlen gyz çaganyň haýsy    18. Agaryp gelýän daňa kasam bolsun!
                günä sebäpli öldürilendigi soralan wagty!    19.  (Kuran)  hormatly  bir  ilçiniň
                10. (Hasap) depderleri açylan wagty!         (Jebraýylyň getiren) sözüdir.
                11.  Asman  (jisimleri)  syrylyp  açylan     20.  (Ol  ilçi)  örän  güýçlüdir.  (Beýik)
                wagty!                                       Arşyň eýesi bolan Allanyň ýanynda örän
                12.  Dowzah  lowladylyp  gyzardylan          abraýlydyr.

                                                                                                 587
   581   582   583   584   585   586   587   588   589   590   591