Page 580 - Kurany Kerim Meali
P. 580

26. Gijäniň (bir böleginde) oňa sežde et, uzyn
                 gije ony tesbih et!


                 27. Ynsanlar bu wagtlaýyn (dünýä ýaşaýşyny)
                 söýüp, (oňa höwes edip), öňlerinde garaşýan
                 (ol) agyr güni ahmal edýärler.

                 28. Olary Biz ýaratdyk, agzalaryny biri-birine
                 bagladyk.  Biz  (elbetde)  islän  wagtymyz
                 olary başgalary (başga ynsanlar) bilen çalşyp
                 bileris.

                 29.  Takyk,  bu  bir  öwütdir.  Indi  kim  islese
                 Perwerdigärine   barýan   ýoly   tutsun,
                 (islemeýän tutmasyn)!


                 30.  Alla  (bir  zady)  islemese  (mynasyp
                 görmese, ony) siz isläp bilmersiňiz. (Sebäbi)
                 Alla (ähli zady) bilýändir, hikmet eýesidir.

                 31. Ol islänini rahmetine salar. Zalymlar üçin
                 bolsa, (dowzahda) jebir-jepaly azap taýýarlap
                 goýandyr.

                  77-nji süre: «Murselat» («Iberilenler»)

                «Murselat» süresi Mekgede inen sürelerden bolup,
                ol 50 aýatdan ybaratdyr. Süre adyny «Iberilenler»
                manysyndaky ilkinji aýatda agzalýan «Murselat»
                sözünden alandyr. Sürede älemdäki möhüm işlere,
                olaryň  berjaý  edilmegi  tabşyrylan  perişdelere
                üns  çekilýär.  Allanyň  gudratyna  delil  getirilýär.
                Möminleriň  barjak  jenneti,  ol  ýerdäki  näzi-  9. Asman ýarylan wagty!
                nygmatlar  we  hak  dini  inkär  eden  kapyrlaryň
                barjak  dowzahy,  ol  ýerdäki  görjek  pajygaly   10. Daglar bölünip, dargan wagty!
                azaplary barada aýdylýar.                    11.     Pygamberleriň     (ymmatlaryna
                                                             şaýatlyklary) kesgitlenen wagty (kyýamat
                   Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-        gopar).
                        şepagatly) Allanyň ady bilen         12. Bu (alamatlar) haýsy güne goýuldylar?
                                                             13. (Bular) «Aýralyk gününe» (goýuldy).
                1.  (Ýagşylykda)  biri-birleriniň  yzyndan   14.  Sen  «Aýralyk  gününiň»  nämedigini
                iberilenlere!                                nädip biljek?
                2. Güýçli öwsüp, (zyýan berýän) ýellere!     15. Ol gün (hakykaty) ýalan hasaplanlaryň
                3. (Hak we hakykat) tohumlaryny hemme        waý hallaryna!
                ýere ýaýan (perişdelere)!                    16. Biz ol (pygamberleri inkär edenlerden)
                4. Hak bilen batyly (dogry bilen egrini)     öňküleri heläk etmedikmi?
                aýyl-saýyl edenlere!                         17.  Soň  gelenleri  hem  olaryň  yzyna
                5,  6.  (Alla  ýönelenleri)  günälerden      tirkäris.
                saplamak  we  (erbet  ýolda  bolanlara)      18. Ine, Biz günäkär kapyrlara garşy şeýle
                duýduryş  bermek  üçin  öwüt  (wahyý)        hereket edýäris.
                goýup gidenlere kasam bolsun!                19. Ol gün (hakykaty) ýalan hasaplanlaryň
                7. Takyk, size wada berlen (zat) hökman      waý hallaryna!
                amala aşar!
                8. Ýyldyzlaryň (yşygynyň) sönen wagty!

                                                                                                 581
   575   576   577   578   579   580   581   582   583   584   585