Page 576 - Kurany Kerim Meali
P. 576

18. Ol pikirlendi we ölçerdi.
               19. Onuň jany çyksyn! Ol nähili erbet ölçerdi.
               20. Onuň ýene jany çyksyn! Soň ýene-de nähili
               erbet ölçerdi?!
               21. Soň seretdi (nazar saldy).
               22. Soň ýüzüni, gaşlaryny çytdy.
               23.  Soň  hem  yzyna  öwrülip,  tekepbirliginden
               ýaňa (çykyp gitdi).
               24. Ol (gidip barýarka): «Bu (Kuran) diňe öňden
               bäri gelýän bir jadydyr.
               25. Bu ynsan sözünden başga zat däldir» diýdi.
               Düşündiriş:  Rowaýata  görä,  Welid  ibn  Mugyra  atly
               bir adam, pygamber Kuran okaýarka, ony diňläp, örän
               täsirlenýär.  Muny  eşiden  mekgeli  kapyrlar,  onuň  öz
               dinlerinden dänip, musulmançylgy kabul etmeginden
               gorkýarlar.  Mekgeli  kapyrlaryň  baştutanlaryndan
               bolan  Ebu  Jähl  hem  Welidiň  ýanyna  baryp,  onuň
               tekepbirligini  has-da  artdyrjak  sözleri  aýdyp,  onuň
               musulmançylyga  geçmeginiň  öňüni  alyp,  ony  bu
               pikirinden  dändirýär.  Soň  kapyrlaryň  ýanlaryna
               gelenlerinde, Welit olara indiden beýläk Muhammede
               telbe,  däli,  bilgiç,  şahyr,  ýalançy  ýaly  sözler  bilen
               ýüzlenmegiň  peýdasynyň  ýokdugyny  aýdýar.  Soň
               hem uzak wagtlap, mazalyja pikirlenip, ölçerip, ahyry
               hem  kapyrlara  ýüzlenip:  «Muhammet  jadygöýdir.
               Görmeýärsiňizmi,   ol   perzendi   ene-atasyndan,
               maşgalasyndan, gullary hojaýynlaryndan aýryp bilýär.
               Bu bir jadylykdyr» diýýär. Kapyrlar hem bu wakadan
               soň  pygamberimiz  Muhammede  «jadygöý»  diýip
               başlaýarlar.  Bu  ýagdaý  pygamberimize  örän  ýokuş
               degýär.
               26. Men hem ony sakar (dowzaha) ataryn.
               27. Sen sakar (dowzahyň nämedigini) bilýärmiň?
               28. Ol ne (diri) goýar, ne-de öldürip taşlar. (Ol
               içine  oklananyň  (bedenini  şol  durşuna)  iýip
               tükeder. Soň ony ýene öňki ýagdaýyna getirip, bu   35. Ol (sakar dowzah) uly belalaryň biridir.
               işi ýene gaýtalar durar).                     36, 37. Ol ynsan üçin we (Alla boýun bolup,
               29. Ol (ynsanyň) derisini ýakyp (gowrar).     tagat-ybadat edip) öňe we (günä işlere baş
               30.  Onuň  (agzynda)  on  dokuz  sany  (sakçy   goşup)  yza  gitmek  isleýänler  üçin  iň  uly
               perişde) bardyr.                              duýduryşdyr.
               31.  Biz  oduň  (dowzahyň)  sakçylaryny  diňe   38. Her kim öz eden işiniň girewi (ýesiridir).
               perişdelerden ýaratdyk. Özlerine kitap berlenler   39. Meger (amal depderleri) sagdan berlenler
               mazaly bilsinler, iman getirenleriň hem imanlary   (beýle däldirler).
               artsyn,  özlerine  kitap  berlenler  we  möminler   40,  41.  (Olar  hökman)  jennetde  bolarlar.
               şek-şübhä düşmesinler diýip olaryň sanyny hem   Olar günäkärleriň (ýagdaýlaryny) sorarlar.
               inkär edenler üçin diňe bir synag etdik. Şeýle-de   42.  (Olar  günäkärlere):  «Sizi  bu  dowzaha
               kalplarynda  hassalyk  bolan  mynapyklar  bilen   getiren zat näme?» (diýerler).
               kapyrlar  hem  (ahyr  netijede):  «Alla  bu  mysal   43. Olar: «Biz namazy berjaý etmezdik.
               bilen näme diýmekçi bolýar?» diýsinler. Şeýdip,   44. Garyplara tagam bermezdik (hallaryndan
               Alla islänini dogry ýoldan azdyrar, islänini dogry   habar almazdyk).
               ýola salar. Perwerdigäriň goşunlaryny Özünden   45.  Günä  işlere  çümýänler  bilen  bile
               başga hiç kim bilmez. Bu (aýdylanlar) ynsana bir   çümerdik.
               öwüt-ündewden başga zat däldir.
               32,  33,  34.  Ýok!  (Kapyrlar  hiç  haçan  öwüt   46. (Bu) hasap gününi hem ýalan hasaplardyk.
               almazlar!  Şonuň  üçin  asmandaky)  Aýa,  yzyna   47.  Ahyry,  biziň  başymyza  ölüm  geldi»
               öwrülip gidýän gijä, agaran mahaly sähere kasam   (diýerler).
               bolsun!

                                                                                                 577
   571   572   573   574   575   576   577   578   579   580   581