Page 574 - Kurany Kerim Meali
P. 574

73-nji süre: «Muzzemmil»
                            («Bürenip ýatan»)

               «Muzzemmil»  süresi  Mekgede  ilki  inen  süreleriniň
               biri bolup, ol 20 aýatdan ybaratdyr. Ol adyny ilkinji
               aýatda  pygamberimize  ýüzlenilip  aýdylýan  sözden
               alandyr.  «Muzzemmil»  sözi  «Bürenip  ýatan»
               diýmegi aňladýar. Sürede pygamberiň we oňa ynanan
               möminleriň  gije  ybadat  etmekleri,  Allanyň  birligi,
               Oňa bil baglamak, Oňa tabyn bolmagyň syrlary we
               bu dini inkär edenleriň pajygaly soňlanmalary beýan
               edilýär.

                    Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
                        şepagatly) Allanyň ady bilen

               1. Eý, bürenip ýatan (pygamber)!

               Düşündiriş: Pygamberimiz Muhammet aleýhissalama
               ilkinji gezek wahyý gelende, Jebraýyl perişde oňa öz
               asyl suratynda görünýär. Ol hem gorkup, öýüne tarap
               gaýdýar we maşgalasy Hatyja: «Meniň üstümi ört!»
               diýýär. Onuň üstüni örtýärler. Pygamberimiz bürenip
               ýatyrka, Jebraýyl perişde ýene gelip bu süräni wahyý
               edýär.

               2. Gijelerine turup, (onuň köp bölegini ybadat
               bilen geçir), meger az wagt (ukla)!
               3.  (Ýagdaýa  görä)  gijäniň  ýarysyny  ýa-da
               ondan hem az ýa-da köp wagtyňy (ybadat et)!
               4. Kurany tertil bilen (pikirlenip, her aýatyň
               soňunda säginip) oka!
               5. Biz saňa agyr bir söz (wahyý) iberjekdiris.
               6. Takyk, gijelelerine turup (ybadat etmegiň
               kalba) täsiri uludyr we (bu) dogry sözdür.   sarsylar,  daglar  üýşen  gum  depelerine
               7.  Takyk,  gündiz  saňa  päsgel  berjek  uzyn   öwrüler.
               (birtopar) iş bardyr.                        15. (Eý, kapyrlar!) Biz, (birmahal) Fyrgawna
               8. Sen Perwerdigäriň (beýik) adyny zikir et!   bir ilçi iberşimiz ýaly, size hem şaýat boljak
               (Diňe Alla  bil  bagla  hem-de)  bütin  durkuň   bir ilçi iberdik.
               bilen diňe Oňa ýönel!                        16. Bes, Fyrgawn pygambere garşy çykdy.
               9.   Ol    Gündogaryň    we    Günbataryň    Biz ony ýowuz azap bilen jezalandyrdyk.
               Perwerdigäridir. Ondan başga (ybadata laýyk)   17.  Eger  siz  inkär  etseňiz,  (elhençliginden
               hudaý ýokdur. Sen diňe Ony dost tutun!       ýaňa  kiçijik)  çagalary  hem  (ak  saçly)
               10.  Olaryň  (kapyrlaryň)  aýdýan  zatlaryna   garrylara öwürjek ol günden (özüňizi) nädip
               sabyr et we olary emaý bilen terk et!        gorap bilersiňiz?
               11.  Sen  özlerine  (dünýä)  nygmaty  berlip,   18. Ol günüň (elhençliginden ýaňa) asman
               (hak dini ýalan hasaplan) ýalançylary Maňa   çaýkanar  (ýarylar).  Allanyň  wadasy
               goý! Olara biraz möhlet ber!                 (hökman) amala aşar.
               12,  13. Takyk,  Biziň  ýanymyzda  gandallar,   19.  Takyk,  bu  (aýatlar)  bir  öwütdir
               otly alawlar, bogaza tegek bolan tagamlar we   (we  duýduryşdyr).  Bes,  (kim  islese)
               jebir-jepaly azap bardyr.                    Perwerdigärine    barýan    ýoly   tutsun
               14. (Ol gün) ýer we daglar güýçli (ýagdaýda)   (islemedik tutmasyn)!
                                                                                                 575
   569   570   571   572   573   574   575   576   577   578   579