Page 560 - Kurany Kerim Meali
P. 560

66-njy süre:  «Tahrym»
                            («Gadagan etme»)


                 «Tahrym»  süresi  Medinede  inen  sürelerden
                 bolup,  ol  12  aýatdan  ybaratdyr.  Tahrym  «Bir
                 zady  gadagan  etmek,  haram  etmek»  manysyny
                 aňladýar.  Bu  söz  süräniň  ilkinji  aýatynda
                 gelýär.  Sürede  pygamberimiziň  päk  zenanlary
                 bilen  aralarynda  bolup  geçen  käbir  wakalar,
                 şeýle  hem  toba  etmek,  iman  getirmek  we  öten
                 pygamberleriň kyssalary beýan edilýär.


                   Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
                        şepagatly) Allanyň ady bilen


                 1.  Eý,  pygamber!  Sen  aýallaryň
                 razyçylygyny gözläp, näme üçin Allanyň
                 saňa  halal  eden  zadyny  (özüňe)  haram
                 edýärsiň?  Alla  Bagyşlaýjydyr,  Rehim-
                 şepagatlydyr.

                 2. Alla (zerur halatynda) kasamlaryňyzy
                 bozmak üçin size rugsat berdi. Alla siziň
                 Hossaryňyzdyr. Ol (ähli zady) bilýändir,
                 hikmet eýesidir.

                 3. Pygamber aýallarynyň birine (Hafsa)
                 gizlinlikde bir söz aýdypdy. Emma aýaly
                 ol  sözi  başgasyna  (Aýşa)  aýdansoň,
                 Alla hem muny pygambere habar berdi.
                 Pygamber hem bir bölegini aýdypdy, bir
                 bölegini  bolsa  aýtmandy.  (Pygamber)      5.  Eger  ol  siziň  talagyňyzy  berse,
                 muny oňa (aýalyna) habar beren wagty        Perwerdigäri  oňa  sizden  has  haýyrly,
                 (aýaly):  «Muny  kim  saňa  habar  berdi»   musulmanlardan,  iman  getirenlerden,
                 diýdi.  Ol  (pygamber):  «(Ähli  zady)      yhlas  bilen  tabyn  bolanlardan,  toba
                 bilýän  we  habarly  (bolan)  Alla  habar   edenlerden,  ybadat  edenlerden,  agyz
                 berdi» diýdi.                               bekleýänlerden  dul  aýallardan  we  boý
                                                             gyzlardan (başga birini) berer.
                 4.  Eger  ikiňiz  (Aýşa  we  Hafsa)  hem
                 (pygamberiň  syryny  paş  etmek  ýaly       6.  Eý,  iman  getirenler!  Siz  özüňizi  we
                 nädogry  hereketiňiz  üçin)  Alla  toba     maşgalaňyzy ýangyjy ynsanlar we daşlar
                 etseňiz  (dogry  bolar).  Sebäbi  siziň     bolan  (dowzah)  odundan  goraň!  Onuň
                 kalplaryňyz   (hak    ýoldan)    taýdy.     başynda Allanyň  özlerine  beren  emrine
                 Eger  pygambere  garşy  biri-biriňize       garşy  gelmeýän  we  emir  edilen  zady
                 daýanyşsaňyz,  (bilip  goýuň),  takyk,      berjaý edýän rehimsiz, ýowuz perişdeler
                 onuň  dosty  we  ýardamçysy  Alladyr,       bardyr.
                 Jebraýyldyr  we  salyh  möminlerdir.
                 Bulardan  başga-da  perişdeler  hem  oňa    7. (Olara): «Eý, kapyrlar! Bu gün ötünç
                 ýardamçydyr.                                soramaň!  Siz  diňe  eden  etmişleriňiziň
                                                             jezasyny çekersiňiz!» (diýler).
                                                                                                 561
   555   556   557   558   559   560   561   562   563   564   565