Page 565 - Kurany Kerim Meali
P. 565

25.  Olar  göýä  (garyp-gasarlary)  mahrum
                                                     etmäge  güýçleri  bar  ýaly  bolup  irden  ýola
                                                     çykdylar.
                                                     26. Emma ony (bakjany) görenlerinde: «Biz
                                                     (ýolumyzy) ýalňyşdyk» diýdiler.
                                                     27.  (Soň  bolsa):  «Ýok  (ýalňyşmadyk),  biz
                                                     (bereketden) mahrum bolduk» (diýdiler).
                                                     28.  Içlerinden  adyl  biri:  «Men  size
                                                     (Perwerdigäriňizi   tesbih   ediň!)»   diýip
                                                     aýtmadymmy? Käşgä, tesbih eden bolsadyk»
                                                     diýdi.
                                                     29.  Olar:  «Biz  Perwerdigärimizi  tesbih
                                                     edýäris,  takyk,  biz  (öz-özümize)  zulum
                                                     edenlerden bolduk» diýdiler.
                                                     30.  Soň  hem  günäni  biri-birleriniň  üstüne
                                                     atyp başladylar.
                                                     31.  (Ahyry):  «Bize  haýp  bolsun!  Dogrudan
                                                     hem, biz azan (adamlar).
                                                     32.    Belki,    Perwerdigärimiz     munuň
                                                     ýerine  bize  has  haýyrlysyny  berer.  Biz
                                                     indi   Perwerdigärimiziň     (razyçylygyna)
                                                     ýönelýäris» diýdiler.
                                                     33.  Ine,  (dünýädäki)  azap  şeýledir.  Eger
                                                     bilsediler,  ahyretiň  azaby  has  uludyr
                                                     (ýowuzdyr).
                                                     34.  Takyk,  takwa  kişiler  üçin  özleriniň
                                                     Perwerdigäriniň  ýanynda  (ebedi  nygmatly)
                                                     «Nagym» jennetleri bardyr.
                                                     35. Biz (Alla) tabyn bolanlary (ol) günäkärler
                                                     bilen heý-de deň tutarysmy?
                                                     36.   Size   näme    bolýar   (akylyňyzdan
                                                     azaşdyňyzmy)?     Nähili   (erbet)   höküm
          16.  Biz  (tiz  wagtda)  onuň  burnunyň    berýärsiňiz?
          üstüne tagma urarys.                       37,  38.  Ýa-da  sizde  bir  kitap  bar  bolup,
          17,  18.  Biz,  «Bakja  eýelerini»  synag   öz  göwün  islän  zadyňyz  ol  ýerde  hökman
          edişimiz  ýaly,  olary  (mekgelileri)  hem   bardyr  diýip,  (bu  batyl  ynançlary)  ondan
          (açlyk  we  gurakçylyk)  bilen  synadyk.   öwrenýärsiňizmi?
          Olar  (bakja  eýeleri)  säher  bolanda,    39.  Ýa-da:  «Siz  näme  höküm  berseňiz,
          (hiç  kim  görmänkä),  ony  (hasyllary)    (hökman) siziňki bolar» diýip, Biz tarapdan
          ýygnarys  diýip  kasam  etdiler.  Olar     kyýamat  gününe  çenli  dowam  etjek  size
          (Alla) halasa diýmediler (we nygmatyň
          Alladandygyny bilmediler).                 berlen kasamlar (ähti-peýman) barmy?
          19.  (Emma)  olar  (heniz)  ukudakalar     40. Olardan sora: «Muňa (bu pikire) olaryň
          özleriniň   Perwerdigäri    tarapyndan     haýsy kepil geçýär?».
          iberilen  gaplaýjy  bir  apat  (ot)  bakjany   41. Ýa-da olaryň şärikleri barmy? Eger olar
          gaplap aldy.                               dogruçyl  bolsalar,  hany,  onda  şäriklerini
          20. (Bakja) gap-gara boldy.                getirsinler.
          21,  22.  Olar  säher  (bolanda:  «Öňi-    42. Ol gün (elhençliginden ýaňa) injik açylar.
          soňy)  ýygnajak  bolsak,  (hany,  onda)    Olar  sežde  etmäge  çagyrylarlar,  emma  olar
          irräk gymyldalyň» diýip, (biri-birlerine)   sežde edip başarmazlar.
          seslendiler.                               Düşündiriş:  Arap  dilinde  «Injik  açylar»  söz  düzümi
          23,  24.  Olar:  «Bu  gün  (ol  ýerde)  hiç   işleriň  kynlaşyp,  ähli  hakykatlaryň  ýüze  çykmagyny
          bir  misgin  ýanyňyza  girmesin!»  diýşip,   aňladýar.
          samyrdaşyp ýola çykdylar.
                                                                                        566
   560   561   562   563   564   565   566   567   568   569   570