Page 556 - Kurany Kerim Meali
P. 556
64-nji süre: «Tegabun» («Aldanma»)
«Tegabun» süresi Medinede inen sürelerden bolup,
ol 18 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady 9-njy aýatda
agzalýan «Tegabun güni» sözünden alnypdyr.
«Tegabun» diýmek, kemçilik eden ynsanyň
günälerine göz ýetirip, bu dünýäde aldanandygyny
kabul edip, ykrar etmegi we ökünmegidir. Aslynda
Tegabun kyýamatyň atlarynyň biridir. Bu süre
Alla ynanmak, yhlas, takwaçylyk, kanagat we
ahyret bagtyýarlylygy üçin tagalla etmek ýaly
meseleleri öz içine alýar. Şeýle-de sürede bu älemiň
eýesiz däldigi, ähli zatda bolşy ýaly, ynsanyň
ýaradylyşynyň hem maksadynyň bardygy, şonuň
üçin hem ynsanyň öz ygtyýaryny haýyrly-sogaply
ýollarda ulanmalydygy barada aýdylýar.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat Allany
tesbih edýär. Mülk (hökmürowanlyk)
Onuňkydyr. (Ähli) hamdy-senalar Oňa
mahsusdyr. Onuň ähli zada güýji ýetýändir.
2. Sizi ýaradan Oldur. Emma siziň käbiriňiz
kapyr, käbiriňiz bolsa möminsiňiz. Alla
siziň edýän (ähli) işleriňizi görýändir.
3. Alla asmanlary we ýeri (boş ýere däl-de)
hak (we hikmet) bilen ýaratdy. Size şekil
berip, ajaýyp görnüş (durk) berdi. Dolanyp
baryş Oňadyr.
4. Ol asmanlardaky we ýerdäki (ähli) 7. Kapyrlar ölenlerinden soň hiç haçan
zady bilýändir. Siziň gizleýän we äşgär direlmezler öýtdüler. (Olara): «Ýok,
edýän (ähli) zadyňyzy hem bilýändir. Ol Perwerdigärime kasam bolsun! Siz
gursaklardakyny (ýüreklerdäkini) hem (hökman) täzeden direldilersiňiz. Soň size
bilýändir. eden işleriňiz (ýekeme-ýeke) habar berler.
Bu Alla üçin (juda) aňsatdyr» diýip aýt.
5. Size mundan öň inkär edenleriň
(başlaryna gelenleriň) habary gelmedimi? 8. Bes, Alla, Onuň ilçisine we oňa inderen
Olar eden işleriniň jezasyny (bu) dünýäde nurumyza (Kurana) iman getiriň! Alla
datdylar (çekdiler) we (ahyretde hem) olara siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.
jebir-jepaly azap bardyr.
9. Ol (kyýamat) güni (Alla siziň hemmäňizi,
6. (Ol azabyň sebäbi) pygamberler iň uly) jemlenme güni bolan (kyýamatda)
olara (äşgär) deliller (mugjyzalar) bilen bir ýere jemlär. (Ine), bu gün aldanma
gelýärdiler. Emma olar: «Bize (özümiz (ökünç) günüdir. Kim Alla ynanyp, ýagşy
ýaly) bir ynsan ýol görkezmekçimi?» işleri berjaý etse, Alla hem onuň günälerini
diýdiler we inkär edip ýüz öwürdiler. Alla geçer we aşagyndan derýalar akýan
olara mätäç däldir. Takyk, Alla Baýdyr (hiç jennetlere ýerleşdirer. Olar ol ýerde ebedi
zada mätäç däldir), hamdy-sena edilmäge galarlar. Ine, bu (iň) uly üstünlikdir.
mynasypdyr.
557

