Page 554 - Kurany Kerim Meali
P. 554

9. Eý, iman getirenler! Siz juma gününde
                (juma)  namazyna  çagyrylan  badyňyza
                Allany  ýatlamaga  (namaza)  howlugyň,
                söwda-satyk (işleriňizi) taşlaň! Eger biler
                bolsaňyz, bu siziň üçin (has) haýyrlydyr!

                10.  Namaz  gutarandan  soň  bolsa  ýer
                ýüzüne ýaýraň (işleriňizi berjaý ediň) we
                Allanyň  pazly-kereminden  (nesibäňizi)
                gözläň!  Halas  bolmagyňyz  üçin Allany
                köp zikir ediň (ýatlaň)!


                11.  Olar  (sen  hutbada)  dik  durkaň,  bir
                söwda  ýa-da  bir  (biderek)  güýmenje
                görüp,  ol  ýere  tarap  gidip,  seni
                taşladylar. (Olara): «Allanyň ýanyndaky
                (ahyretde bar bolan) nesibe (bu ýerdäki)
                güýmenjeden  we  söwdadan,  (elbetde),
                has  haýyrlydyr. Alla  rysgal  berýänleriň
                iň haýyrlysydyr» diýip aýt.

                Düşündiriş:  Bir  gün  Medinede  açlyk,  guraklyk
                ýyllarynda bir kerweniň gelip düşländigini eşiden
                musulmanlar, beýle ýagdaýda pygamberi goýup
                gitmeli däldigini bilmänsoňlar, juma namazynyň
                hutbasyny  okap  duran  pygamberi  taşlap,
                metjitden  çykyp  gidiberipdiriler.  Ýokardaky
                aýat juma namazynyň wagyzynyň (hutbasynyň)
                ähmiýetini habar berýär.

                  63-nji süre: «Munafikun» («Ikiýüzlüler»)
                                                             edinip,  (ynsanlary)  Allanyň  ýolundan

                «Munafikun»  süresi  Medinede  inen  sürelerden   daş düşürýärler. Takyk, olaryň edýän bu
                bolup,  ol  11  aýatdan  ybaratdyr.  Sürede   işleri nähili erbetdir.
                mynapyklar  barada  gürrüň  gozgalýandygy  üçin
                sürä  bu  at  galypdyr.  Şeýle-de,  mynapyklaryň   3.  Munuň  sebäbi  olar  (ilki)  iman
                edýän  işleri,  dünýäniň  wagtlaýyn  lezzetine   getirendiklerini  (aýtdylar),  soň  bolsa
                aldanmazlyklary üçin möminlere öwüt-nesihatlar   inkär  etdiler.  Şonuň  üçin  hem  olaryň
                berlip,   möminlere   mynapyklaryň   howply   kalplary möhürlendi. Bes, olar (hakykata)
                ýollaryndan halas boluş ýollary görkezilýär.
                                                             düşünip bilmezler.
                  Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
                       şepagatly) Allanyň ady bilen          4.  Sen  olary  göreniňde,  olaryň  daşky
                                                             görnüşleri saňa hoş ýakar. Geplänlerinde,
                1. Mynapyklar (ikiýüzlüler) seniň ýanyňa     sözlerini  diňlärsiň.  (Hakykatda  bolsa)
                gelenlerinde: «Takyk, Biz seniň Allanyň      olar, (diwarlara) söýelen agaçlar ýalydyr.
                ilçisidigiňe  şaýatlyk  edýäris»  diýerler.   Her  bir  sesi  (gohy)  özlerine  garşy
                Alla  hem  seniň  Öz  ilçisidigiňi,  elbetde   (aýdylýandyr)  öýderler.  Olar  (size)
                bilýändir.  Takyk,  Alla  mynapyklaryň       duşmandyr, olardan daş dur! Alla olaryň
                ýalançydyklaryna şaýatlyk edýändir.          janyny  alsyn!  (Munça  äşgär  delillere
                                                             garamazdan)  olar  nädip  (hakykatdan)
                2.  Olar  (ýalan)  kasamlaryny  galkan       geçip bilýärler!

                                                                                                 555
   549   550   551   552   553   554   555   556   557   558   559