Page 499 - Kurany Kerim Meali
P. 499

4.  Siziň  (ynsanlaryň)  ýaradylyşyňyzda  we
                                                     (Allanyň  dünýäniň  çar  künjüne)  ýaýradan
                                                     janly-jemendelerinde  (Allanyň  barlygyna)  anyk
                                                     ynanýan  kişiler  üçin  (ybrat  beriji)  alamatlar
                                                     bardyr.

                                                     5. Gije bilen gündiziň çalşyp durmagynda, Allanyň
                                                     asmandan  rysgal  (ýagny  ýagyş)  inderip,  onuň
                                                     bilen  ölüminden  soň  ýer  ýüzüni  direltmeginde,
                                                     ýelleri  (çar  ýandan)  öwüsdirip  (durmagynda)
                                                     akyllaryny  ulanýanlar  üçin  (Allanyň  gudratyny
                                                     we hikmetini görkezýän) alamatlar bardyr.

                                                     6. Saňa hak (we hikmet) bilen okaýan (aýdan) bu
                                                     (zatlarymyz) Allanyň (gudratynyň we hikmetiniň)
                                                     alamatlarydyr.  Bes,  Alla  we  Onuň  aýatlaryna
                                                     (ynanmanlaryndan)  soň,  olar  (kapyrlar)  haýsy
                                                     söze ynanarkalar?

                                                     7.  Her  bir  ýalan  toslaýjy  (töhmetçi)  günäkäriň
                                                     waý halyna!

                                                     8. Ol (günäkär) özüne okalýan Allanyň aýatlaryny
                                                     eşidýär, (ýöne) soň tekepbirlik edip, göýä, olary
                                                     eşitmeýän ýaly (inkär etmegini) dowam etdirýär.
                                                     Oňa jebir-jepaly azaby buşla.


                                                     9. Eger (olar) Biziň (ol) aýatlarymyzdan bir zady
                                                     bilseler, ony ýaňsylamaga başlarlar. (Şonuň üçin
                                                     hem) olara ryswa ediji azap bardyr!


                                                     10.  Olaryň  yzlarynda  dowzah  bardyr.  Olara
            45-nji süre: «Jäsiýe» («Dyza çöken»)     gazanan zatlary (baýlyklary) we Alladan başga
                                                     tutan dostlary (hiç haýsy) peýda bermez. Olara
        «Jäsiýe»  süresi  Mekgede  inen  sürelerden  bolup,  ol  37   (ahyretde) uly azap bardyr.
        aýatdan  ybaratdyr.  «Jäsiýe»  sözi  «Dyza  çöken»  diýen
        manyny aňladýar. Bu sürede ahyretde hemmeleriň Allanyň
        öňünde dyza çökjekdigi beýan edilýändigi üçin bu at bilen   11.  Bu  (Kuran)  dogry  ýola  gönükdirýän
        atlandyrylypdyr. Ol söz süräniň 28-nji aýatynda agzalýar.   (kitapdyr). Özleriniň Perwerdigäriniň aýatlaryny
        Bu  sürede  ynsanlar  Allany  tanamaklyga  çagyrylýar   inkär  edenlere  (bolsa)  jebir-jepaly  elhenç  azap
        we  ynsanlaryň  aňyna  ahyrete  ynanmak  düşünjesiniň   bardyr.
        ornaşdyrylmagy  öňe  sürülýär.  Şeýle  hem  wahynyň
        hakykatdygy  barada  aýdylyp,  kapyrlaryň  derbi-dagyn   12. (Beýik) Alla öz emri bilen içinde gämileriň
        ediljekdigi, Alla iman getiren bendeleriň ahyrky netijede   gezmegi  we  Özüniň  pazly-kereminden  (rysgal-
        eşretli durmuşa ýetjekdigi aýdylýar.
                                                     nesibeleriňizi)  gözlemegiňiz  hem-de  şükür
           Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-        etmegiňiz  üçin  deňizleri  siziň  hyzmatyňyza
                şepagatly) Allanyň ady bilen         berendir.

        1. Ha, Mim.                                  13.  Ol  (Alla)  asmanlardaky  we  ýerdäki
                                                     ähli  zatlary  (Özüniň  pazly-keremi  bilen)
        2.  (Bu)  kitabyň  inderilmegi  Gudraty  güýçli,   siziň  hyzmatyňyza  berdi.  Takyk,  munda
        hikmet eýesi Alla (tarapyndandyr).
                                                     pikirlenýänler üçin ybratlar bardyr.
        3. Takyk, asmanlarda we ýerde möminler üçin
        (Allanyň gudratyny we hikmetini görkezýän)
        aýatlar (alamatlar) bardyr.                                                     500
   494   495   496   497   498   499   500   501   502   503   504